Her ýylyň 17-nji sentýabrynda Fransiýanyň paýtagtynda “Pariž dem alýar” atly çäre geçirilýär. Şäheriň häkimiýeti parižlileriň dem almagy we ulaglaryň tüssesinden uzak bolmaklary maksady bilen şeýle çäräni geçirýändigini aýdýar. Şol gün 11:00-dan 18:00 aralygynda motorly ulaglaryň hereketi çäklendirilýär. Çäräniň çäklerinde şäheriň myhmanlaryň has köp barýan Şanzelize şaýoly bilen bilelikde ähli ýollar ýapylýar. Jemgyýetçilik ulaglaryna we taksiler sagatda 20 kilometr tizlik bilen gitmäge rugsat berilýär. Samokat, welosiped ýaly motorsyz ulag sürüjileri, rolik we skeýtbord ýaly tigirçekli aýakgap we tagtajyk ulanýan ýaşlar, ylgaýan, ýöreýän adamlar uly köçeleri doldurýar. Bu ýyl çäre 9-njy gezek geçirildi.