Taryhy ýadygärliklere baý bolan hem-de owadan deňiz kenarlary bolan Müsür dünýäniň esasy syýahatçy kabul edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. “Jaz Hotel Group” topary ýurtda täze syýahatçylyk sebitini gurýar. Ýurduň iň uly syýahatçylyk brendi bolan “Travco Group International”-yň myhmanhana bölümi bolan “Jaz Hotel Group” Marsa Mares sebitinde iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirýär. Müsüriň dürli ýerlerinde 58 myhmanhanasy bolan topar täze syýahatçylyk sebitinde ýene-de 10 myhmanhana gurar. Bu sebitdäki ilkinji bäş ýyldyzly otel bolan “Iberotel Costa Mares” bir-iki ýyl ozal açylypdy. Ýene bir bäş ýyldyzly myhmanhana bolan 272 otagly “Jaz Amaranyň” şu ýylyň noýabrynda açylmagyna garaşylýar.
Täze syýahatçylyk merkezi sebitiň halkara howa menzilinden ulagly 10 minutlyk uzaklykda ýerleşýär. Marsa Mares sebiti täsin deňiz kenary hem-de suwasty gözellikleri bilen köpüň ünsüni çekýär.