Şu gün Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat pa­la­ta­sy­nyň Ser­gi mer­ke­zin­de ýur­duň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­si açyl­dy. Açy­lyş da­ba­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy.
Gut­lag­da – Bu giň möç­ber­li ser­gi­niň ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni, ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­ni be­ýan edip, gel­jek­ki ösüş­le­ri­mi­ziň ba­dal­ga­sy­na öw­rül­jek baş­lan­gyç­la­ry, tä­ze tas­la­ma­la­ry iler­let­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn – di­ýip bel­le­nil­ýär.


Ser­gi­de ýur­du­my­zyň döw­le­te de­giş­li we hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň on­lar­ça­sy gat­na­şyp, öz­le­ri­niň dür­li ha­ryt­lar­dyr hyz­mat­la­ry­ny, şol san­da tä­ze önüm­le­ri­ni gör­kez­ýär. Ser­gi öz biz­ne­si­ni kä­mil­leş­dir­mek is­le­ýän te­le­ke­çi­ler we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri üçin hyz­mat­daş­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga uly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Ser­gi­niň do­wa­myn­da Aş­ga­ba­dyň Mo­del­ler öýi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan egin-eşik­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Ze­nan­la­ra, er­kek­le­re we ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen tä­ze ly­bas­la­ryň gör­ke­zi­li­şi­ne myh­man­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Uly göw­rüm­li ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy di­ňe bir ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri däl, eý­sem yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni, şeý­le hem döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni gör­kez­mek­den yba­rat­dyr.