1980-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Birleşen Patyşalygyň we Kosta Rikanyň teklibi bilen Halkara parahatçylyk gününi ykrar edýär. Ilkibaşda bu sene BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň nobatdaky ýyllyk ses­si­ýa­sy­nyň açylýan güni bolan sentýabryň üçünji sişenbesi diýlip kesgitlenýär. Dünýäde parahatçylygy güýçlendirmäge ünsi çekmek üçin döredilen sene 2001-nji ýylda yzygiderli ýagdaýda 21-nji sentýabrda bellenilmeli edilýär.