Garaşsyzlyk döwründe Watanymyz syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, bilimde, ylymda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we sportda ýokary sepgitlere eýe boldy. Ýurdumyz dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Döwletimiz ählumumy ykrar edilen ynsanperwer ýörelgelerden ugur alyp, sebit we dünýä döwletleri hem-de köp sanly abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, parahatçylyk arkaly durnukly ösmegiň nusgalyk ýoluny alyp barýar hem-de dürli halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen ulag, energetika, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň oňyn netijeleridir.
Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çuňňur manyly çykyş edip, öňe süren asylly başlangyçlary Gahryman Arkadagymyzyň ak ýolunyň — abadançylyk, parahatçylyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklibi bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenen hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygy, ulag ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup galýandygyny bellemek bilen, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Duşenbe duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitiň ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga, ýurtlaryň bilelikdäki bähbitlerini, başlangyçlaryny halkara giňişlikde ilerletmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrarnamasy boldy.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak bilen, Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ugur ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlaryny öňe sürdi.
Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» (С5+1) görnüşindäki sammite gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek we işjeň häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary Watanymyzyň deňhukukly, özara hormat goýmak we uzakmöhletleýin ýörelgelere esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge we ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu babatda birnäçe Kararnamalary kabul etmegi öňe sürülýän başlangyçlaryň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini hem-de möhümdigini tassyklaýar.
Zulfiýa RAHIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.