Germaniýanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy. Germaniýanyň milli ýygyndysynyň 122 ýyllyk taryhynda wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçi bolan Hansi Flikiň ornuna ýaş hünärmen Ýulian Nagelsmann wezipä bellendi. 36 ýaşyndaky tälimçi bilen 2024-nji ýylyň iýulyna çenli, has takygy, EURO 2024 tamamlanýança şertnama baglaşyldy. Nagelsmann täze wezipesi bilen baglanyşykly: – Öz ýurdumyzda Ýewropa çempionatyny guraýarys. Bu täsin duýgy. Çempionata çenli hasam güýçli topar bolarys – diýip beýanat berdi.
Geçen möwsümiň ahyrlarynda “Bawariýadaky” wezipesinden boşadylan Nagelsmann karýerasy boýunça “Hoffenhaým” hem-de “Leipsig” klublaryny türgenleşdirdi.
Germaniýanyň milli ýygyndysy oktýabr aýynda ABŞ-nyň hem-de Meksikanyň milli ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.