Belarusyň Grodno şäheriniň ýaşaýjysy özüne üýtgeşik reňkli pişik edindi. Pişigiň sütükleriniň käbir ýerlerinde haýwanlara mahsus bolmadyk ýaşyl reňkler göze ilýär. Pişigiň eýesi ony weterinara görkezende oňa haýwanyň sütükleriniň tebigydygy habar berildi.
Sergeý ol hakda tötänleýin bildi. Ol Grodno sebitindäki bir obada bir pişigiň adaty bolmadyk nesil dogurandygyny eşidýär. Pişikleriň biri ak, ikinjisi gara, üçünjisi ýaşyl. Şu wagta çenli Sergeýiň özi pişikçil däldi. Şeýle-de bolsa, ol adamyň haýwanlaryň dosty bolup biljekdigine ynanýar.
Pişigiň diňe reňki diýäýmeseň, beýleki pişiklerden tapawut etmeýär. Häzirlikçe Sergeý guýrukly dostuna näme at dakjakdygyny bilenok. Ol jemgyýetçilik torunyň ulanyjylaryny bu meselede ýardam bermäge çagyrdy.