Germaniýanyň Federal metbugat we maglumat gullugynyň habaryna görä, 29-njy sentýabrda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolz Berlinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşar.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary, Federal Kansleriň çakylygy boýunça bu formatda ilkinji gezek Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň biri bilen duşuşar.
– Bilelikdäki iş naharynda sebit we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem sebit we Germaniýa üçin möhüm bolan özara gatnaşyk meselelerine serediler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.
Şeýle hem 28-nji sentýabrda Şolz Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler 29-njy sentýabrda meýilleşdirilýär.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady we energetika syýasatlarynda hyzmatdaşlygy öz içine alýan köp sanly meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
29-njy sentýabrda Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Staýnmeýeriň Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen duşuşjakdygy habar berildi.
Esasy Dünýä täzelikleri Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa döwletleriniñ Prezidentleri bilen duşuşar