25-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Igor Ba­buş­ki­ni ka­bul et­di.
Rus­si­ýa­nyň iri se­bi­ti­niň ýol­baş­çy­sy türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şeý­le hem I.Ba­buş­kin Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge örän şat­dy­gy­ny bel­läp, Ast­ra­han ob­las­ty bi­len Türk­me­nis­ta­ny ozal­dan gel­ýän dost­luk hem-de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gut­lag­lar we hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin myh­ma­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Rus­si­ýa, şol san­da onuň se­bit­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy. Öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de RF-niň iri se­bi­ti­niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­tan bi­len Ast­ra­han ob­las­ty­nyň ara­syn­da­ky öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ast­ra­han ob­las­ty­nyň köp san­ly mo­to­sik­let­çi­le­ri­ni bir ýe­re jem­län “Ha­zar — dost­luk deň­zi” at­ly mo­to­ýö­ri­şiň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da bo­lan du­şu­şy­gy ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, şeý­le çä­re­le­riň öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ny aç­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Myh­man hem öz ge­ze­gin­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­len bo­lan şol du­şu­şy­gyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bo­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gyn­da ha­ryt­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da umu­my mak­sat­la­ryň bar­dy­gy aý­dyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň işe­wür to­par­la­ryň ara­syn­da has ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň kuw­wa­ty­nyň do­ly de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty bi­len Ast­ra­han ob­las­ty­nyň port­la­ry­nyň ara­syn­da­ky üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li tek­lip­le­re ga­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek üçin ýur­du­my­zyň eda­ra­la­ry­nyň we hu­su­sy bö­le­giň we­kil­le­ri­niň Ast­ra­ha­nyň aý­ra­tyn yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy we Türk­me­nis­ta­nyň Ast­ra­han ob­las­ty bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Myh­man amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy dö­re­di­len Türk­me­nis­tan­da meş­hur rus kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iş­le­ýän­dik­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Bu kom­pa­ni­ýa­lar bi­len dür­li ul­gam­lar­da bir­nä­çe mö­hüm tas­la­ma­lar bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­dy we hyz­mat­daş­ly­gy äh­li ul­gam­lar­da gi­ňelt­mek hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak üçin oňat müm­kin­çi­lik­ler bar.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Igor Ba­buş­kin däp bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.