Şu ýylyň 10-12-nji dekabrynda Müsürde Prezident saýlawlary aralygynda geçiriler. Bu barada ýurduň Milli saýlaw toparynyň başlygy Walid Hamza habar berdi.
-Müsürde geçiriljek Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 10, 11 we 12-nji dekabrda, ýurduň çäklerinden daşardaky ses berişlik bolsa, 1-3-nji dekabr aralygynda geçiriler – diýip, Walid Hamza metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ol Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek boýunça işleriniň 5-nji oktýabrda başlanjakdygyny aýtdy.
-Dalaşgärleriň gutarnykly sanawy 9-njy noýabrda yglan edilip, şol gün saýlaw kampaniýasy başlanar – diýip, Hamza belledi.
Bir aýdan gowrak mundan öň, Müsüriň parlamentindäki iň uly partiýa “Mustakbal Watan” (Watanyň Garaşsyzlygy) ýurduň häzirki Prezidenti Abdel Fattah al-Sisini täze möhlete hödürlemegiň tarapdarydygyny mälim etdi.
Al-Sisi 2014-nji ýyldaky saýlawlarda ýeňiş gazanaly bäri Müsüriň Prezidentidir. Ol dört ýyldan soň ikinji möhlete saýlandy. 2019-njy ýylyň aprelinde Müsürde sala salyşyk geçirilip, netijede, al-Sisi täze möhlete dalaş etmäge hukuk gazandy hem-de Prezidentiň möhletini dört ýyldan alty ýyla çenli uzaltmak üçin Konstitusiýa düzedişler girizildi.
Müsüriň Konstitusiýasyna laýyklykda, saýlaw kampaniýasy Prezidentiň ygtyýarlygynyň gutarmagyna, azyndan, 120 gün galanda başlamaly. Al-Sisiniň ikinji möhleti resmi taýdan 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde tamamlanýar.