“Aýaks”, “Milan”, “Barselona”, “Nýukasl”, PSW, “Walensiýa” ýaly klublarda oýnan bir wagtlaryň meşhur futbolçysy, häzirki tälimçi Patrik Kluiwertiň ogly Şeýn kakasyny ýoluny dowam edýär. Kakasynyň hünärini kakasynyň çykyş eden klublarynyň birinde dowam etdirýän 16 ýaşyndaky Şeýn Kluiwert “Barselona” bilen professional şertnama gol çekişdi. 2007-nji ýylda dünýä inen Şeýn Kluiwert 2017-nji ýyldan bäri “Barselonanyň” ýaşlar düzüminde oýnap gelýärdi.
Häzirki wagtda Türkiýäniň “Adana Demirspor” toparyna tälim berýän 47 ýaşyndaky Kluiwertiň 2-nji ogly Jastin Kluiwert bolsa köp wagtdan bäri çykyş edip gelýär. Häzirki wagtda “Premier Liganyň” “Bornmut” toparynda çykyş edýän Jastin “Aýaks”, “Roma”, “Leipsig”, “Nissa”, “Walensiýa” ýaly toparlaryň hem köýnekçesini geýdi.
Patrik Kluiwertiň 4 ogly bolup, onuň ýene bir ogly Ruben Kluiwert Niderlandlaryň 2-nji ligasynyň “Dordreht” klubunda çykyş edýär.