Türkiýe bilen Rumyniýanyň arasynda günde 4 million kub metr tebigy gaz satmak babatda ylalaşyk gazandy. Türkiýäniň BOTAŞ kompaniýasynyň ýaýradan beýanatynda Rumyniýanyň “OMV Petrom” kompaniýasy bilen möhüm şertnama gol çekilendigi, günde 4 million kub metre çenli tebigy gazy üpjün etmäge mümkinçilik berýän, möhleti 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli bolan ylalaşyga gol çekilendigi mälim edildi. Gazyň 1-nji oktýabrdan başlap akdyrylyp başlanjakdygy aýdyldy.
Şeýle hem taraplaryň tebigy gaz söwdasy bilen bir hatarda aragatnaşyk, saklamak, öndürmek we “ýaşyl” energiýa tehnologiýalary ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde ylalaşylandygy mälim edildi.
Türkiýe awgust aýynda Wengriýa, ýanwar aýynda Bolgariýa bilen tebigy gaz ylalaşygyna gol çekipdi.