Fransiýanyň çempionatynyň güýçli klublaryndan “Marsel” topary tälimçisi “Marselinionyň” wezipesini taşlamagyndan soň onuň ornuna bellenen täze hünärmeni äşgär etdi. Klub italiýaly Jennaro Gattuza bilen şertnama baglaşdy. Şertnamanyň möhleti häzirlikçe möwsümiň ahyrynda tamamlanar. 45 ýaşyndaky Gattuzonyň “Marseldäki” ilkinji synagy şenbe güni “Monako” duşuşygy bolar.
“Marsel” ilkinji 6 duşuşykda 2 ýeňiş, 3 deňlik bilen 9 utukly 8-nji ýerde barýar.
Gattuzo “Palermo”, “OFI Krete”, “Pisa”, “Milan”, “Napoli” hem-de “Walensiýa” klublaryna tälim beripdi.
Ýeri gelende bellesek, Gattuzo bilen mundan 1 hepde ozal “Lion” hem gyzyklanypdy. Ýöne taraplar ylalaşyp bilmändi. “Lion” soňlugy bilen başga bir italiýaly hünärmeni – Fabio Grossony wezipä belläpdi.