Ýaşaýşymyza gözellik goşýan, hereketlerimizi ugrukdyrýan, durmuşymyzyň many-mazmunyny bilmäge itergi berýän duýgur organlarymyzyň sagdynlygyna üns bermek biziň esasy wezipämizdir. Olary işjeň ulanmak üçin näme etmeli?!
Gözüň sagatlygy üçin näme etmeli?
Gözlerimizi goramaga üns bermeli.
Başgalaryň äýnegini, polotensasyny ulanmaly däl.
Telewizordyr kompýutere uzak wagtlap we ýakyndan seretmeli däl.
Kitap okaýarkak ýa-da ýazuw bilen meşgullanýarkak aralyk 20-35 sm bolmaly.
Gulaklarymyzyň sagatlygy, gowy eşitmegi we sesleri dogry tapawutlan-
dyrmagy üçin näme etmeli?
Gulaklary tämiz saklamaly, gaty jisimler bilen ony gorjalamaly däl. Sebäbi gulak perdelerine zeper ýetmegi mümkin.
Gulaklary sowukdan, sarsgynlardan, gaty sesden goramaly. Çasly aýdym-sazlary diňlemek hem eşidiş agzasyna zyýanlydyr. Güýçli sesleriň döredýän basyşy gulak perdelerine (membrana) agram salýar. Beýle ýagdaýda oňa zeper ýetmegi ähtimal.
Burnuň sagatlygy üçin näme etmeli?
Burun dem we ys alyşdan başga-da gulak perdesi basyşyň deňagramlylygyny, sesiň äheňini sazlamagy hem ýerine ýetirýär.
Dem alanymyzda howanyň çyglylygynyň sazlanylmagy burna baglydyr. Onuň içindäki gyljagazlar howany arassalaýandygy üçin süzgüçlik wezipesini hem ýerine ýetirýär. Wagtal-wagtal ony ýuwup arassalap durmak wajypdyr.
Nämedigini bilmezden, ýiti ysly maddalary ysgamak howpludyr.
Deriniň sagatlygy üçin näme etmeli?
Deri bedenimiziň ýylylygyny, suw deňagramlylygyny saklaýar, zyýanly maddalaryň derlemek ýoly bilen bedenden çykarylmagyny ýerine ýetirýän organdyr.
Beden arassa saklananda mikroorganizmleriň deride köpelmeginiň öňi alynýar. Tiz-tizden ýuwlup arassalanan tende zyýanly maddalar az bolýar. Ynsan derisi ortaça, 28 günde özüni täzeleýär.
Derini urgudan, kesilmekden, ýanmakdan berk goramaly.
Agyz boşlugynyň sagdynlygyna üns bermeli.
Örän gyzgyn ýa-da sowuk iýip-içmek dişlerimize we agyz boşlugyna zyýanlydyr.
Dil sagdynlygyny goramak üçin agyz boşlugyny hemişe arassa saklamaly. Dil tagam biliş organymyz bolup, aşa gyzgynlyk, sowuklyk hem oňa öz täsirini ýetirýär. Şeýle ýagdaýlarda dile ýara düşmegi mümkin.
Iýmitleriň ulanylyş möhletine üns bermeli. Wagty geçen önümleriň himiki düzüminiň üýtgemegi agyz boşlugyna ýaramaz täsir edýär.