NASA-nyň “OSIRIS-Rex” atly kosmos gämisi arkaly 6,2 million uzakdaky Bennu atly asman jisiminden toprak nusgalary getirildi.
Umumy bahasy bir milliard dollar bolan taslamanyň çäklerinde öndürilen “OSIRIS-Rex” kosmos gämisi 2016-njy ýylda uçurylypdy. 2018-nji ýylyň Bennu atly bu jisim asteroide baryp ýetipdi. 2020-nji ýylda bolsa ol ýerden toprak we daş nusgalaryny toplap, yzyna gaýtdy.
Şeýlelikde, iki ýyl kosmos giňişliginde ýol ýöränden soňra Ýere gelip ýetdi. Asman jisiminden alnan nusgalaryň hiç hili zeper ýetmezden gelip gowşandygy mälim edildi. Toprak nusgasy saklanýan kapsula Ýere 101 kilometr golaýlanda taşlandy. Kapsula atmosfera gireninde 2 müň 900 dereje gyzgynlyga ýetdi. Ýere golaýlanda bolsa, onuň paraşýutlary açylyp, ýuwaşlyk bilen gondy. Bary-ýogy 250 gram daş bölejikler Ýerdäki ýaşaýşyň nähili emele gelendigi baradaky sowallara jogap tapmaga ýardam eder.
Toprak nusgasy ýörite gurlan laboratoriýada öwreniler. Käbir bölegi kosmos bilen bagly işleri alyp barýan dünýäniň beýleki ylmy merkezlerine berler. Şeýle hem toplanan maglumatlar dünýäniň bu ugurda iş alyp barýan astronomlaryna berler.
“OSIRIS-Rex” NASA-nyň asteroidden nusga getiren ilkinji kosmos enjamy bolsa-da, mundan ozal Ýaponiýa hem şeýle missiýany amala aşyrypdy. Ýurduň kosmos barlaglary agentligi 2010-njy ýylda “Hayabusa 1” kosmos enjamyny Itokawa atly asteroidden, “Hayabusa 2” kosmos enjamy bilen 2020-nji ýylda Rýugu asteroidinden nusgalyk alypdy.