Syýahatçylyk pudagy durnukly ösýär

103

Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy pan­de­mi­ýa­dan soň­ra di­kel­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. 2023-nji ýy­lyň il­kin­ji ýe­di aýyn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy 2019-njy ýyl­da­ky de­re­jä­niň 84 gö­te­ri­mi­ne ýet­di. Bi­ler­men­ler üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu pu­da­gyň pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky döw­rün­dä­ki de­re­jä ýet­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (UNW­TO) soň­ky mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýan­war-iýul aý­la­ryn­da dün­ýä­de 700 mil­li­on adam sy­ýa­hat edip­dir. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 43 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Di­ňe iýul aýyn­da 145 mil­li­on adam sy­ýa­hat edip­dir. Bu gör­ke­zi­ji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri sy­ýa­hat eden adam­la­ryň 20 gö­te­ri­mi­ne deň.
Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy 2019-njy ýyl­da­ky­dan hem 20 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, bu se­bit sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ösü­şin­de dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­den gör­ne­tin ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Ýew­ro­pa­da bol­sa, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ýag­da­ýy pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky döw­rüň 91 gö­te­ri­mi­ne ýe­tip­dir. Se­bit ýurt­la­ry­na ame­ri­kan­lar we beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry has köp ge­lip­dir.
Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na Af­ri­ka­da pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky döw­rüň 92 gö­te­ri­mi­ne, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da 87 gö­te­ri­mi­ne ýe­tip­dir.
Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­de 61 gö­te­rim­lik di­ke­liş ha­sa­ba al­nyp­dyr.
Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bu pu­dak pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky döw­rüň 80-95 gö­te­ri­mi­ne ýe­ter.

Ba­tyr Nur­mu­ham­me­dow, Türk­me­nis­ta­nyň energetika ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.