Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry ta­mam­lan­dy.
Ger­ma­ni­ýa bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ýur­du­my­zyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu ge­zek­ki sa­par döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de hem-de türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak­da no­bat­da­ky mö­hüm ädim bol­dy. Sa­pa­ryň mak­sat­na­ma­sy­na iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we GFR-iň we­ki­li­ýet­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň de­re­je­sin­de mö­hüm du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si gi­ri­zil­di.
29-njy sent­ýab­da ir­den türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we GFR-iň we­ki­li­ýet­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Pre­zi­den­ti­niň eda­ra­sy­na bar­dy.
“Belw­ýu” köş­gü­niň esa­sy gi­rel­ge­si­niň öňün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy GFR-iň Baş­tu­ta­ny Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer mä­hir­li gar­şy­la­dy.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy.
Şon­dan soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri we GFR-iň Fe­de­ral Pre­zi­den­ti bi­le­lik­de su­ra­ta düş­dü­ler. “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” du­şu­şy­gy­na gat­naş­ýan ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry “Lang­hans­sa­al” za­ly­na ça­gy­ryl­dy.
Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Pre­zi­den­ti­niň baş­lyk­lyk et­me­gin­de işe­wür­lik er­tir­lik na­ha­ry gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­ga Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew hem gat­naş­dy­lar.
GFR-iň Baş­tu­ta­ny Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” gör­nü­şin­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şeý­le hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri se­bit pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hä­zir­ki döw­rüň dün­ýä iş­le­ri­ne üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy ba­bat­da ne­ti­je­li ula­ny­lyp bil­ner.
Soň­ra Fe­de­ral Pre­zi­dent du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ny mä­hir­li mü­bä­rek­le­di we GFR-iň Baş­tu­ta­ny Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­re şu gün­ki du­şu­şy­gy gu­ran­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bu du­şu­şyk Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek işin­de mö­hüm go­şant bo­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan tä­ze köp­ta­rap­la­ýyn for­ma­ty dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­ny gol­da­ýar hem-de gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän äh­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dyr.
Bu gün Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry se­bi­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz yk­dy­sa­dy ösüş me­se­le­si ba­ra­da aýt­mak bi­len, bu pro­se­siň äh­lu­mu­my öza­ra bag­la­ny­şyk hä­si­ýe­ti­ne eýe­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä yk­dy­sa­dy ul­ga­my diý­len­de, di­ňe bir dür­li ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň ýa­kyn­laş­ma­gy göz öňün­de tu­tul­man, eý­sem, onuň köp san­ly dü­züm bö­lek­le­ri­niň saz­la­şyk­ly işi­ni hem aň­lad­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ener­ge­ti­ka, ulag pu­dak­la­ry hem-de ma­li­ýe ul­ga­my ýa­ly öň­den bar bo­lan ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, san­ly­laş­dyr­mak, eme­li aň we “ýa­şyl” teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň tä­ze ugur­la­ry­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ener­ge­ti­ka we ulag ul­gam­la­ryn­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni yg­ty­bar­ly üs­ta­şyr ge­çir­mek, tä­ze ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bi­len bag­ly baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ýo­kar­da bel­le­nip ge­çi­len ugur­lar­da türk­men ta­ra­py­nyň tek­li­bi bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­bul eden Ka­rar­na­ma­la­ry­na aw­tor­daş­lyk eden­di­gi üçin Ger­ma­ni­ýa min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýurt­la­ry­nyň we GFR-iň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da aý­dyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­riň uly kuw­wa­ty­nyň bar­dy­gy­ny, şeý­le hem te­bi­gy we adam ma­ýa­sy­na baý bo­lan Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň önüm­çi­lik, teh­no­lo­gik we ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Ener­ge­ti­ka, lo­gis­ti­ka, se­na­gat, inf­rast­ruk­tu­ra, oba we suw ho­ja­ly­gy, hu­su­sy pu­dak, “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýet we beý­le­ki­ler bi­le­lik­dä­ki işiň gel­je­gi uly ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ba­za­ry­nyň hem-de dün­ýä ulag ugur­la­ry­nyň bar­ha öz­ger­ýän hä­zir­ki tap­gy­ryn­da biz Ýew­ro­pa—Azi­ýa ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýä­ris di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy we bu çe­me­leş­mä­niň köp ba­bat­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Stra­te­gi­ýa­sy­na, şeý­le hem “Ýew­ro­pa to­pa­ry­nyň” baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len 2027-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin “Äh­lu­mu­my der­we­ze” Ýew­ro­pa me­ýil­na­ma­sy­nyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Ener­ge­ti­ka me­se­le­si­niň üs­tün­de aý­ra­tyn dur­lup ge­çil­di. Türk­me­nis­tan te­bi­gy ga­zyň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bol­mak bi­len, bu ener­gi­ýa se­riş­de­si­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň ýol­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ug­le­rod dü­zü­mi çäk­li bu ýan­gy­ja dün­ýä­de is­leg örän ulu­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ýew­ro­pa ug­ry bo­ýun­ça ga­zy iber­mek tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ulag me­se­le­si ba­ra­da aý­dyp, Mer­ke­zi Azi­ýa—Ýew­ro­pa ug­ry bo­ýun­ça lo­gis­ti­ka ýo­lu­ny iş­jeň ös­dür­mä­ge taý­ýar­ly­gy tas­syk­la­dy we gel­jek­de Du­naý der­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak bi­len “Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz” üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si­niň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­na ün­si çek­di.
Eko­lo­gik me­se­le hyz­mat­daş­ly­gyň örän mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şun­da “Ýa­şyl” Mer­ke­zi Azi­ýa baş­lan­gy­jy ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk üçin ýol­gör­ke­zi­ji­dir. Bu baş­lan­gyç ho­wa­nyň üýt­ge­me­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­ga ger­man çe­me­leş­me­si­ne esas­lan­ýar.
Bi­lim we me­de­ni­ýet ul­ga­my şu du­şu­şy­ga gat­naş­ýan ýurt­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gyn­da wa­jyp orun eýe­le­ýär. Şun­da Gýo­te mer­ke­zi, DA­AD, PAD, PASCH ýa­ly ger­man mak­sat­na­ma­la­ry­nyň se­bit­de ne­ti­je­li iş alyp bar­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­dä­ki işiň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan­da ne­mes di­li­ni öw­ren­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma­nyň bar­dy­gy­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy gel­jek­de hem ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Ger­ma­ni­ýa­da­ky ga­dy­my Mar­gu­şyň ar­heo­lo­gi­ýa ser­gi­si­ne 430 mü­ňe go­laý adam ba­ryp gör­di
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da me­de­ni alyş­ma­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne aý­ra­tyn ün­si çe­kip, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ger­ma­ni­ýa­nyň şä­her­le­rin­de dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ojak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ga­dy­my Mar­gu­şyň ar­heo­lo­gi­ýa ser­gi­si­niň ge­çi­ril­me­gi­niň üs­tün­lik­li tej­ri­be­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Bu ser­gä 430 mü­ňe go­laý adam ba­ryp gör­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ser­gi­niň ikin­ji tap­gy­ry­ny ge­çir­me­giň, şeý­le hem Par­fi­ýa şa­ly­gy­nyň ga­dy­my ta­pyn­dy­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi­ni gu­ra­ma­gyň müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ra­mak tek­lip edil­di.
Sö­zü­niň ahy­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz  şu sa­pa­ry gu­ran­dy­gy üçin ger­man ta­ra­py­na ýe­ne bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Soň­ra Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň we Ger­ma­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry köp­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň, yn­san­per­wer ul­gam­da dia­lo­gy gi­ňelt­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge ba­gyş­la­nan du­şu­şyk ge­çi­ril­di
Du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy “Ad­lon Kem­pins­ki Ber­lin” myh­man­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Bu myh­man­ha­na­nyň mer­ke­zi gi­rel­ge­si­niň öňün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy, “СLA­AS KgaA GmbH” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň we paý­dar­lar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­zer mä­hir­li gar­şy­la­dy we “Pa­la­is­sa­al” za­ly­na geç­mä­ge ça­gyr­dy. Şol ýer­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň «Gel­je­gi stra­te­gik taý­dan bi­le­lik­de eme­le ge­tir­mek — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek» mow­zu­gy bo­ýun­ça du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­riň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len işe­wür­lik çä­re­si­ne Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Li­der­le­ri hem gat­naş­dy­lar. Ger­man ta­ra­py­na yk­dy­sa­dy­ýet we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri­niň stats-sek­re­ta­ry Udo Fi­lipp, aý­ra­tyn tab­şy­ryk­lar bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri, GFR-iň Kans­le­ri­niň eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Wolf­gang Şmidt, «Lin­de GmbH», «GP Gün­ter Pa­pen­burg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB En­gi­nee­ring and Con­sul­ting», «Bay­Wa AG» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we­kil­çi­lik et­di­ler.
GFR-iň paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­ýän şeý­le du­şu­şy­gyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­zer gün ter­ti­bi bo­ýun­ça, hu­su­san-da, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ma­ýa go­ýum ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji­li­gi hem-de ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň se­bit­de yk­dy­sa­dy taý­dan ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­ma­gy­nyň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň anyk gu­ral­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” for­ma­ty­na gat­naş­ýan ýurt­la­ryň mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li pu­dak­la­ryn­da tä­ze tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Yk­dy­sa­dy­ýet we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri­niň stats-sek­re­ta­ry Udo Fi­lipp be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry mü­bä­rek­läp, Ger­ma­ni­ýa­da iki yk­ly­myň stra­te­gik taý­dan mö­hüm çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýurt­lar äh­lu­mu­my ösüş iş­le­ri­ne sal­dam­ly go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ener­ge­ti­ka, ma­ýa go­ýum­lar, söw­da, bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry we tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek ýa­ly ugur­lar­da giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ger­ma­ni­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ryň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri ul­gam­la­ryn­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy aý­dyl­dy.
Bi­lim, hu­su­san-da, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ne­mes di­li­ni çuň­laş­dy­ryp öw­ren­mek ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi gel­jek­de däp bo­lan me­de­ni-yn­san­per­wer we işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder di­ýip, Udo Fi­lipp nyg­ta­dy we al­ty­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­na söz be­ril­di
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýyg­na­nan­la­ry mü­bä­rek­läp, oza­ly bi­len, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry­na bu du­şu­şy­gy ge­çir­mek baş­lan­gy­jy üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di hem-de oňa gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Hyz­mat­daş­ly­gyň şeý­le gör­nü­şi Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­je­si­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di we hä­zir­ki wagt­da bi­ziň se­bi­ti­mi­ziň tu­tuş dün­ýä­niň bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ün­sü­ni bar­ha köp özü­ne çek­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň özi se­bi­ti­miz­de te­bi­gy se­riş­de­le­riň ägirt uly gor­la­ry­nyň bar­dy­gy hem-de uly adam müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len şert­len­di­ri­len­dir. 4 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re go­laý meý­da­ny eýe­le­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ge­og­ra­fik taý­dan örän amat­ly ýer­leş­ýän­di­gi, se­bit­de yk­lym äh­mi­ýet­li ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň gel­je­gi, äh­lu­mu­my azyk howp­suz­ly­gy­nyň çö­zül­me­gi­ne uly go­şant goş­mak müm­kin­çi­li­gi bu ba­ra­da şeý­le diý­mä­ge esas ber­ýär.
Ýur­du­myz­da 200-e go­laý des­ga­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ba­ra­da aý­dyp, kä­bir mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri my­sal ge­tir­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 10 mil­liard dol­la­ry­na go­laý bo­lan 200-e go­laý des­ga­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. 2023-nji ýy­lyň 8 aýy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi 6,2 gö­te­ri­me deň bol­dy. Bi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze gö­nük­di­ril­ýän her ýyl­ky ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri je­mi içer­ki önü­miň 18-19 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Şun­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň pa­ýy ola­ryň je­mi möç­be­ri­niň 12 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny düz­ýär.
Stra­te­gik se­na­gat-in­no­wa­si­on ösüş dep­gi­ni ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň 60 gö­te­rim­den gow­rak bö­le­gi­niň önüm­çi­lik ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­me­gi­niň ha­sa­by­na üp­jün edil­ýär. Mu­nuň özi se­na­ga­ty­my­zyň tu­tuş dü­zü­mi­ni üýt­get­mä­ge, im­por­tyň ýe­ri­ni tut­ýan hem-de eks­port ugur­ly önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­me­gi çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, soň­ky ýyl­lar­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gaz­hi­mi­ýa pu­da­gyn­da bir­nä­çe ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­dy. Olar am­mi­ak, kar­ba­mid, po­lip­ro­pi­len, po­lie­ti­len, sin­te­ti­ki ben­zin önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça gur­lan tä­ze za­wod­lar­dyr.
Ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr. Onuň dü­zü­min­de gaz we elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­dak­la­ry wa­jyp orun eýe­le­ýär. Şun­da gaz çy­kar­mak bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy­na, kö­pu­gur­ly gaz ulag dü­zü­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Ýew­ro­pa ug­ru­nyň Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gün ter­ti­bin­de mö­hüm orun eýe­län­di­gi­ni we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­za­rüs­ti gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na gaz iber­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän üýt­gew­siz ga­raý­şy tas­syk­la­nyl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mu­nuň üçin soň­ky 15 ýy­lyň do­wa­myn­da köp iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­dik. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri, Ýew­ro­pa­nyň aý­ry-aý­ry döw­let­le­ri hem-de kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len iri hal­ka­ra ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­mä­ge taý­ýar­dy­rys di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ger­ma­ni­ýa­ly işe­wür­le­re elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da iş­le­mek müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ra­ma­gy hem tek­lip et­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Me­ta­nyň at­mos­fe­ra goý­be­ril­ýän zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ýa­tak­la­ryn­da ugur­daş ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek me­se­le­le­rin­de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry we hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn mö­hüm ugur­dyr di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy we Ger­ma­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň top­lan bi­lim­le­ri­niň hem-de iň go­wy iş tej­ri­be­le­ri­niň ýo­kar­da gör­ke­zi­len ugur­lar­da Türk­me­nis­tan­da uly is­le­ge eýe­di­gi­ni aýt­dy.
Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar hyz­mat­daş­ly­gyň ýe­ne bir mö­hüm ug­ru­dyr. En­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da biz Ger­ma­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len üs­tün­lik­li iş­le­dik. Olar yk­jam ara­gat­na­şyk, hem­ra ul­gam­la­ry­nyň to­ru­nyň hyz­mat­la­ry­ny gi­ňelt­mek, de­ňiz ula­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­dy­lar di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy we ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len de­mir ýol ula­gy­ny ös­dür­mek, gä­mi­gur­lu­şyk en­jam­la­ry, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulag-lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ýo­la goý­mak me­se­le­le­ri­ni anyk ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ger­ma­ni­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­lyk hem be­ýan edil­di.
Ma­li­ýe-bank ul­ga­my türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ug­ry bol­ma­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň bar­ha ös­ýän bank ul­ga­my ýur­du­my­zyň ma­li­ýe ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Çün­ki ol tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şun­da da­şa­ry ýurt bank­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek hem-de tä­ze gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ger­ma­ni­ýa­nyň bank­la­ry­ny, eks­port-karz eda­ra­la­ry­ny, äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­la­ry­ny ýur­du­my­zyň döw­let we tä­jir­çi­lik bank­la­ry bi­len gö­ni gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dür­mä­ge ça­gyr­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, suw se­riş­de­le­ri­niň ýet­mez­çi­li­gi hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp se­bit­le­rin­de mö­hüm me­se­le bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na, Pa­riž yla­la­şy­gy­na we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­ga­myn­da beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gat­na­şy­jy bol­mak bi­len, özü­niň hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge berk yg­rar­ly­dyr.
Hu­su­san-da, bi­ziň ýur­du­myz­da suw se­riş­de­le­ri­niň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na hem-de re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re­le­ri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar hem-de da­şa­ry ýurt­lar bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da dur­mu­şa ge­çir­me­gi mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­rys di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy we ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň suw ho­ja­lyk ul­ga­myn­da dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ma­gy tek­lip et­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da, il­kin­ji no­bat­da, Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň ula­nyş dü­züm­le­ri­ni top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak ýa­ly ägirt uly tas­la­ma bar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we en­jam­la­ry­ny ýur­du­my­za iber­mek­de ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň top­la­nan oňyn tej­ri­be­si bel­le­nil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­muş ugur­ly­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, luk­man­çy­ly­ga hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na ägirt uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Soň­ky 25 ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da iň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len be­je­riş eda­ra­la­ry­nyň on­lar­ça­sy gu­rul­dy, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň müň­ler­çe­si ýe­tiş­di­ril­di. Biz bu asyl­ly iş­de ger­man hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň baý tej­ri­be­si­ni peý­da­lan­ýa­rys di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di we pur­sat­dan peý­da­la­nyp, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk üçin ger­man ta­ra­py­na min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan et­di.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, türk­men ta­ra­py­nyň gel­jek­de-de ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi, der­man se­na­ga­ty, te­le­luk­man­çy­lyk usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we ulan­mak, öňü­ni alyş, anyk­la­ýyş hem-de dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek ul­ga­myn­da ger­man hü­när­men­le­ri­niň tej­ri­be­si­ni peý­da­lan­mak ug­run­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­niň ahy­ryn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” gör­nü­şin­de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak we ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne bil­di­ri­len uly gy­zyk­lan­ma üçin du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de al­ty­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri we ola­ry hil taý­dan tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­gyň gu­ral­la­ry, şol san­da dür­li ul­gam­lar­da mö­hüm äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ar­ka­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýol­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ger­ma­ni­ýa­nyň esa­sy ma­ýa­dar­la­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­ne stra­te­gik gy­zyk­lan­ma­sy­nyň uly möç­ber­dä­ki te­bi­gy se­riş­de­ler, ola­ryň eks­port we üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri, iş­jeň ös­ýän ba­za­ry bi­len şert­len­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Hä­zir­ki wagt­da bu se­bit­de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. «Lin­de GmbH», «GP Gün­ter Pa­pen­burg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB En­gi­nee­ring and Con­sul­ting», «Bay­Wa AG» ne­mes hol­ding­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da hem şu me­se­le­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we­kil­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi bi­len gys­ga­ça ta­nyş­dyr­dy­lar.
Aý­ra­tyn tab­şy­ryk­lar bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nistr, GFR-iň Kans­le­ri­niň eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Wolf­gang Şmidt öz çy­ky­şyn­da Ger­ma­ni­ýa bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ry­lyp, anyk ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Wolf­gang Şmidt Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry ta­ra­pyn­dan aý­dy­lan oňyn tek­lip­le­riň ma­ýa go­ýum, söw­da, önüm­çi­lik, oba ho­ja­ly­gy, ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da, şol san­da ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri ul­ga­myn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Eko­lo­gi­ýa, döw­re­bap üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi­ni ke­ma­la ge­tir­mek, in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ze­rur bo­lan hü­när­ler bo­ýun­ça iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ýa­ly wa­jyp ugur­lar­da we beý­le­ki ul­gam­lar­da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Ýyg­na­nan­lar du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, döw­let­le­riň bäh­bit­le­ri­ne hem-de dost­luk­ly ýurt­la­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän tä­ze “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” for­ma­tyn­da­ky ne­ti­je­li dia­lo­gyň ös­dü­ril­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di­ler.
GFR-iň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Olaf Şols bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň GFR-iň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Olaf Şols bi­len du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri­niň eda­ra­sy­na bar­dy.
Işe­wür­lik gü­nor­tan­lyk na­ha­ry gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len çä­rä Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri hem gat­naş­dy­lar.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry mü­bä­rek­läp, şeý­le de­re­je­dä­ki il­kin­ji du­şu­şy­gyň uzak möh­let­li gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we GFR-iň bäh­bit­le­ri­ne al­ty­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin oňaý­ly müm­kin­çi­lik bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Fe­de­ral Kans­ler bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup ge­çip, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri be­ýan et­di.
Soň­ra Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­na söz be­ril­di.
Öz no­ba­tyn­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Ger­ma­ni­ýa gel­mä­ge ça­ky­lyk we ne­ti­je­li iş­le­mek üçin dö­re­di­len şert­ler üçin Fe­de­ral Kans­ler Olaf Şol­sa min­net­dar­lyk bil­dir­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ge­zek­ki du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len GFR-iň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li sep­git bo­lar.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri gün ter­ti­bi­niň anyk me­se­le­le­ri­ne ge­çip, esa­sy ugur­la­ryň bir­nä­çe­si­ne ün­si çek­di.
Howp­suz­lyk bi­len bag­ly me­se­le il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Bu me­se­le is­len­dik jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­nyň esa­sy ze­rur­ly­gy bol­mak bi­len, ol top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­ni ta­lap ed­ýär. Howp­suz­ly­gyň bi­te­wü­li­gi hem-de gep­le­şik­ler ar­ka­ly deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­lyk et­mek bu çe­me­leş­mä­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Şun­da howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na esa­sy orun de­giş­li bol­ma­ly­dyr. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň ka­da­la­ry­nyň we ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­syn­da Äh­lu­mu­my howp­suz­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi hem şu­ňa gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy.
Ikin­ji ugur yk­dy­sa­dy ösüş üçin şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­ly­dyr. Şun­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek, ulag öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny dö­ret­mek, suw hem-de azyk me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, yl­my-teh­ni­ki ösü­şi se­na­ga­tyň pu­dak­la­ry bi­len ut­gaş­dyr­mak we ne­ti­je­li ma­li­ýe-ma­ýa go­ýum me­ha­nizm­le­ri­ni dö­ret­mek has mö­hüm me­se­le­ler bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki gün­de biz ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­mi­zi, ne­bit­gaz, hi­mi­ýa we dok­ma se­na­ga­ty­nyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň önüm­le­ri­ni we beý­le­ki ha­ryt­la­ry eks­port et­mek ba­bat­da ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len anyk tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýä­ris. Öz no­ba­ty­myz­da, Ger­ma­ni­ýa­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­le­riň im­por­ty­na, ma­ýa go­ýum işi­ne ýar­dam ber­mä­ge, şeý­le hem se­na­gat, ylym we hü­när bi­li­mi ba­bat­da teh­no­lo­gik we san­ly çöz­güt­le­ri al­ma­ga taý­ýar­dy­rys di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di. Şu we beý­le­ki we­zi­pe­le­ri çöz­mek üçin trans­kon­ti­nen­tal, üs­ta­şyr ulag mer­ke­zi hök­mün­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy, şeý­le hem TRACECA, Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz ge­çel­ge­si ýa­ly se­bi­ta­ra tas­la­ma­la­ryň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.
Ha­za­rüs­ti gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça iş­le­riň tä­ze­den baş­lan­ma­gy tek­lip edil­di
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ener­gi­ýa akym­la­ry bi­len bag­ly me­se­le­le­re de­gip ge­çip, Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de dör­dün­ji or­ny eýe­le­mek bi­len, ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len Ha­za­rüs­ti gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça iş­le­ri tä­ze­den baş­la­ma­gy tek­lip ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Ýur­du­myz­da te­bi­gy gaz­dan wo­do­rod ön­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­tiň çäk­le­rin­dä­ki gel­je­gi uly ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de ga­ral­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ener­gi­ýa se­riş­de­si­niň dün­ýä­dä­ki önüm­çi­li­gi­niň 70 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy te­bi­gy ga­za de­giş­li­dir we mu­nuň özi ma­li­ýe hem-de se­riş­de çyk­da­jy­la­ry nuk­daý­na­za­ryn­dan wo­do­ro­dy al­ma­gyň iň ne­ti­je­li usu­ly­dyr.
Eko­lo­gik we­him­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler bi­len bag­ly­lyk­da, 2020-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da Ber­lin­de ka­bul edi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we howp­suz­lyk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­gi ha­kyn­da Bi­le­lik­dä­ki Jar­na­ma­nyň ka­da­la­ry­na yg­rar­ly bol­ma­gy­myz­da gal­ýa­rys di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy aýt­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze se­bit baş­lan­gyç­la­ry­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, Ber­lin pro­se­si­niň çäk­le­rin­de yla­la­şy­lan tas­la­ma­la­ra mun­dan beý­läk-de gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­ly­gy tas­syk­lap, Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek, şeý­le hem “Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­ny” iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň tek­lip­le­ri­ne ün­si çek­di.
Me­de­ni­ýet hem-de ar­heo­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ri­ler
Dör­dün­ji ugur me­de­ni-dur­muş we yn­san­per­wer ul­gam­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. We­him­le­riň art­ýan, yna­nyş­ma­gyň we dia­log me­de­ni­ýe­ti­niň ýet­mez­çi­lik ed­ýän hä­zir­ki döw­rün­de bu ugur­lar örän mö­hüm ha­sap­lan­ýar. Bi­rek-bi­re­giň di­li­ni öw­ren­mek, halk­la­ry­my­zyň öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti we ta­ry­hy bi­len ta­nyş­mak, adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra ýar­dam ber­mek, bi­lim­le­ri alyş­mak — bu­la­ryň hem­me­si ägirt uly peý­da ge­tir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň me­de­ni­ýet hem-de ar­heo­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça or­ta möh­let­li me­ýil­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip edip, Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da ger­man gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Me­de­ni mi­ra­syň Prus­si­ýa gaz­na­sy, Gýo­te adyn­da­ky ins­ti­tut hem-de Ber­lin Tä­ze ta­ryh mu­ze­ýi bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Sö­zü­niň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Fe­de­ral Kans­le­re mä­hir­li ka­bul eden­di­gi we şu sa­pa­ryň ne­ti­je­li, ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy üçin ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­jek giň ge­rim­li, gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” for­ma­tyn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi nyg­tal­dy.
Du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra, onuň res­mi ban­ne­ri­niň we “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” for­ma­ty­na gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Türk­men-ger­man işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di
Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­men-ger­man işe­wür­lik mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Fe­de­ral Kans­le­ri­niň orun­ba­sa­ry, yk­dy­sa­dy­ýet we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri Ro­bert Ha­bek bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di.