2 – 5-nji okt­ýabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi şä­he­rin­de “ADI­PEC 2023” ser­gi­si ge­çi­ri­ler. On­da “Türk­men­gaz” we “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­sern­le­ri hem-de “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka top­lu­my ta­nyş­dy­ry­lar.
ADI­PEC – bu ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da iň iri we­kil­çi­lik­li çä­re­le­riň bi­ri­dir. Oňa şu ýyl dün­ýä­niň 28 döw­le­tin­den 2200-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Olar Abu-Da­bi­de bu top­lu­myň her pu­da­gy üçin mö­hüm me­se­le­le­ri, işe­wür­lik we ba­zar ýö­rel­ge­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.
“ADI­PEC 2023” işe­wür gi­ňiş­li­giň iki­ta­rap­la­ýyn söw­da­ny we in­no­wa­si­ýa­la­ry ös­dür­mek üçin me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­ýär. On­da mi­nistr­le­riň, baş di­rek­tor­la­ryň, sy­ýa­sat­çy­la­ryň we tä­sir­li adam­la­ryň 1500-den gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan hal­ka­ra fo­ru­myn­da ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we tä­ze­lik­ler ta­nyş­dy­ry­lar.