Niderlandlarda Ýewropanyň döwlet tarapyndan goldaw berilmedik ilkinji ýel bekedi guruldy. Ägirt uly ýel bekedi fermasy 1,5 million öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Demirgazyk deňzinde, kenardan 18-36 kilometr uzakda gurlan suwüsti “Hollandse Kust Zuid” atly desganyň önümçilik kuwwaty 1,5 gigawata deň. Arassa çeşmeden energiýa öndürýän desgany “Vattenfall”, BASF we “Allianz” ýaly uly kompaniýalar bilelikde işledýär. Adatça Ýewropa ýurtlarynda arassa çeşmelerden energiýa öndürýän taslamalara daşky gurşawa zeper ýetirmeýändigi sebäpli döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Emma bu taslama üçin döwletden hiç hili maliýe goldawy alynmandyr. Giň meýdanda gurlan ýel fermasynda 139 sany “Siemens Gamesa 11.0-200 DD” atly turbinalar oturdylypdyr. Her bir turbinanyň periniň uzynlygy 200 metre deň. Olaryň üçüsi “Siemens Gamesa” kompaniýasy tarapyndan golaýda işlenip taýýarlanan, gaýtadan ulanyp boljak materiallardan öndürilipdir. Bu ganatlar ulanyş möhleti tamamlanandan soňra aňsatlyk bilen sökülip, gaýtadan çig mal hökmünde ulanylar.
Orazmämmet Mämmetbaýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.