Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Azerbaýjanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň arasynda ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogynyň okgunly ilerledilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak başartdy. Türkmenistan we Azerbaýjan köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Gazanylan ylalaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir.
Dostlukly ýurduň ilçisi strategik häsiýete eýe bolan we iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, men Gismat Fuzuli ogly Gozalowy Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär derejesi, başarnyklary hem-de tejribesi Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp bolup, öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.
Siziň Alyhezretiňiz, jenap Gismat Gozalowy hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de onuň meniň adymdan we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli aýtjaklaryna, esasan-da, Size belent hormat goýýandygymy we Türkmenistana, doganlyk türkmen halkyna gülläp ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin!
Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.