Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­da «Eks­po-2023» hal­ka­ra bag­ban­çy­lyk ser­gi­si açyl­dy. «Ýa­şyl çöl, has go­wy daş­ky gur­şaw» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny hem bar. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Ka­ta­ryň Emi­ri Şeýh Ta­mim bin Ha­mad Al Ta­ni, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýan, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Ji­bu­ti Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Is­ma­il Omar Gel­le, Tan­za­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Sa­mi­ýa Su­lu­hu Ha­san, Yra­gyň Hö­kü­met baş­ly­gy Mu­ham­med Şia As-Su­da­ni, Ýe­me­niň Hö­kü­met baş­ly­gy Ma­in Ab­del Ma­lik we beý­le­ki bir­nä­çe ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar gat­naş­dy.
100 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän «Al bid­da park» se­ýil­gä­hin­de ge­çi­ril­ýän «Eks­po-2023» hal­ka­ra bag­ban­çy­lyk ser­gi­si gel­jek ýy­lyň 28-nji mar­ty­na çen­li do­wam eder. Ser­gi­de 80 ýur­duň pa­wil­ýon­la­ry bo­lup, çä­rä­niň ahy­ry­na çen­li 3 mil­li­on myh­ma­nyň ba­ryp gör­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Re­jep­mu­ham­met NUR­MU­HAM­ME­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.