Soň­ky ýyl­lar­da Gün­den ener­gi­ýa al­mak­da Hy­ta­ýyň has köp ma­ýa goý­ýan­dy­gy aý­dyl­ýan hem bol­sa, bu ugur­da ABŞ-nyň hem uly öňe­gi­diş­lik ga­zan­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Ýur­duň Fe­de­ral Gün ener­gi­ýa­syny saz­laý­jy gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 7,12 gö­te­ri­mi Gün­den al­nyp­dyr.
ABŞ-nyň Ener­gi­ýa mag­lu­mat eda­ra­sy­ (EIA) bolsa, iýul aýyn­da Gün­den al­nan elekt­rik ener­gi­ýa­synyň ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 22,3 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­landygyny habar berdi. Bu ösüş beý­le­ki äh­li ener­gi­ýa çeş­me­le­riniň je­min­den hem köp. Bi­ler­men­ler 2026-njy ýy­lyň iýu­ly­na çen­li Gün­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň möç­be­ri­niň 84 müň 392 MW art­ma­gy­na ga­raş­ýar. Bu gör­ke­zi­ji ýel­den ga­ra­şyl­ýan ener­gi­ýa ar­ty­şyn­dan (21 müň 341 MW) dört es­se köp. Ga­ty ýan­gyç­lar­dan we te­bi­gy gaz­dan alyn­jak ener­gi­ýa­nyň bol­sa, (4 müň 660 MW) tas 20 es­se­si­ne ba­ra­bar.

Aý­gül BEG­NA­ZA­RO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.