1-nji sentýabrda Gazagystanyň ilaty 19 million 944 müň 726 adama deň boldy. Bu barada ýurduň Milli statistika býurosy habar berdi.
Şäher ilaty 12,4 million adamdan, oba ilaty 7,5 million adamdan ybarat. Gazagystanyň paýtagty Astanada ilat 1,4 milliondan geçdi. Şu ýylyň başynda ýurduň ilaty 19,7 million adamdy.
Sentýabr aýynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň ilatynyň ýylyň ahyryna çenli 20 milliona ýetjekdigini habar berdi. Gazagystan “ýaş” ýurt hasaplanýar. Raýatlaryň ortaça ýaşy 32 ýaşa deň bolup, ilatyň, takmynan, üçden bir bölegini ýaşlar düzýär.
2021-nji ýylda geçirilen Gazagystanyň ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurduň ilaty, takmynan, 19,2 million adam, şol sanda 11,7 million şäher ilaty we 7,5 million hem oba ilaty.
2009-njy ýylyň ilat ýazuwyna görä, ýurduň ilaty 16 million adamdan geçdi. 1999-njy ýyldaky ilat ýazuwyna görä, Gazagystanda, takmynan, 15 million adam ýaşaýardy.