Abu-Dabiniň TAQA milli energiýa kompaniýasy ýakyn wagtda BAE-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 2,4 million tonna azaltmaga mümkinçilik berjek dünýädäki iň uly Gün elektrik stansiýalarynyň birini işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Jasem Huseýn Tabet aýtdy.
“Täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri babatynda, birnäçe hepdäniň içinde dünýädäki iň uly Gün fotoelektrik desgalarynyň birini açarys. Doly kuwwatynda işledilende, ol kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 2,4 million tonna azaltmaga kömek eder” – diýip, Tabet Abu-Dabide geçirilen ADIPEC sergisinde eden çykyşynda aýtdy.
TAQA-nyň müdiriniň sözlerine görä, stansiýada öndürilen elektrik energiýasy bir kWt sagady üçin 1,32 sent nyrhdan satylar, şeýlelikde, taslama dünýäde ykdysady taýdan iň tygşytlylaryň birine öwrüler.
Stansiýanyň gurluşygy 2020-nji ýylda emirligiň paýtagty Abu-Dabide ýerleşýän Ad-Dafra sebitinde başlandy. Taslamany durmuşa geçirmäge TAQA kompaniýasy bilen bilelikde Emirligiň “Masdar”, Fransiýanyň “EDF Renewables” we Hytaýyň “Jinko Power” kompaniýalary gatnaşýar.
2021-nji ýylda BAE 2050-nji ýyla çenli ýurtda uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýän “Net Zero 2050” strategik çarçuwasyny açdy. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giň gerimde ösdürmegi we olary tor infrastrukturasynda durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýär. 2022-nji ýylyň dekabrynda BAE şeýle taslamalara 40 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.