18-nji oktýabrda Wenanyň esasy aýdym-saz zallarynyň biri bolan «Ehrbar Saal»-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçiriler.
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, konsert maksatnamasynda günbatar we türkmen kompozitorlarynyň eserleri, türkmen halk döredijiligi we şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetiriler.
Konserte Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleri gatnaşarlar.