6-njy okt­ýabr — Ha­ty­ra gü­nün­de Türk­me­nis­tan­da 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­si­niň pi­da­la­ry, şeý­le hem äh­li uruş­la­ryň sö­weş meý­dan­la­ryn­da we­pat bo­lan gah­ry­man­lar has­rat bi­len ýat­lan­ýar. Paý­tag­ty­myz­da­ky «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak ha­ty­ra çä­re­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gat­naş­dy.
Şol agyr ýyl­lar­dan bä­ri nä­çe wagt geç­se-de, hä­zir­ki nes­liň Wa­ta­nyň eder­men go­rag­çy­la­ry­nyň gör­ke­zen gah­ry­man­çy­lyk­la­ry­na goý­ýan hor­mat-sar­pa­sy be­lent­dir. Çün­ki olar ne­sil­le­riň nu­ra­na gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na öz jan­la­ry­ny pi­da et­di­ler.
Şol gün ir bi­len il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si «Ru­hy tag­zym», «Mil­le­tiň ogul­la­ry», «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gül des­se­le­ri­ni goý­mak bi­len, hal­ky­my­zyň gah­ry­man­la­ry­ny ha­ty­ra­la­dy. Ha­ty­ra­la­mak dä­bi hal­ky­my­zyň ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Pa­jy­ga­ly Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de pi­da bo­lan il­deş­le­ri­miz, Gök­de­pe ga­la­sy­nyň eder­men go­rag­çy­la­ry, şeý­le hem 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň ur­şu­nyň gah­ry­man­la­ry ha­ty­ra­lan­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de gur­ban bo­lan­la­ryň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­la­mak üçin «Ru­hy tag­zym» ýa­dy­gär­li­gi­ne we fa­şiz­me gar­şy sö­weş­de we­pat bo­lan türk­me­nis­tan­ly es­ger­le­riň hem-de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň er­kin­li­gi, onuň bag­ty­ýar gel­je­gi ug­run­da­ky sö­weş­ler­de baş go­ýan gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy­na bi­na edi­len «Mil­le­tiň ogul­la­ry» we «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gül çe­me­ni­ni goý­dy.
Hal­ky­myz Wa­ta­na we­pa­ly gul­luk et­me­giň mi­ze­mez nus­ga­sy bo­lan­la­ryň öňün­de baş eg­ýär, ara­myz­da ýa­şap ýö­ren gah­ry­man­lar — we­te­ran­lar we sö­weş­ler­de we­pat bo­lan es­ger­le­riň maş­ga­la­la­ry uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gör­ke­zen gah­ry­man­çy­lyk­la­ry ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri üçin nus­ga­lyk­dyr. Wa­ta­ny­my­zyň azat­ly­gy ug­run­da gö­re­şen pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­ra­ty hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň sö­weş meý­dan­la­ryn­da mert­li­giň, har­by bor­ja we­pa­ly­ly­gyň, eziz top­ra­gy­my­za çäk­siz söý­gi­niň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gar­ry ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem bar. Ber­di­mu­ha­met aga­nyň dur­muş ýo­ly türk­men ýaş­la­ry üçin ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, bor­ja we­pa­ly­ly­gyň mek­de­bi­dir.
Soň­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gül des­se­le­ri­ni goý­ýar­lar. Sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ta­lyp­lar, paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry hem ola­ra go­şul­dy­lar. San­ly­ja wag­tyň için­de gül des­se­le­ri ýa­dy­gär­lik­le­riň öňü­ni ört­di.
Ha­ty­ra­la­mak çä­re­le­ri, paý­tag­ty­myz­da bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da hem ge­çi­ril­di. We­pat bo­lan­la­ryň ru­hu­na aýat-tö­wir­ler okal­dy, sa­da­ka­lar be­ril­di.