Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary 29-4-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen «Biken» atly I Halkara teatr festiwalyna gatnaşdy.
Bu festiwala Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry G.Kakabaýewiň döreden, Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor H.Berdiýewiň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly sahna oýny bilen gatnaşdy. Bu eserde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň 23-nji sahypasyndaky «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýen jümleleriniň ylmy-pelsepewi kökleri dabaralandyryldy.
Sahna oýnunda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň hakydasynyň hem hakykatynyň aýnasyna öwrülen eserleriniň üsti bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň adamzadyň beýik medeniýetiniň ösüşine eden täsiri çeper beýan edilýär. Sahna oýnuna tomaşa eden festiwala gatnaşyjylar köpmüňýyllyk taryhly halkymyzyň, hususan-da, asyrlaryň hem nesilleriň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzadyň aňyýet ösüşine eden täsiri barada gymmatly maglumatlar bilen tanyşdylar.
Halkara festiwalyň belli sungat ussatlaryndan, teatr tankytçylaryndan hem-de alymlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew «Iň gowy sahna oýnuny goýan režissýor» atly baýraga hem-de festiwalyň altyn medalyna, şol teatryň suratkeşi Mekan Annamyradow «Iň gowy sahna bezegi üçin» atly baýraga, teatryň döredijilik topary bolsa «Biken» atly I halkara teatr festiwalynyň kubogyna, «Biken» atly I halkara teatr festiwalynyň diplomyna, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäheriniň häkiminiň Hormat hatyna mynasyp boldular.