10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugana laýyklykda 7-nji oktýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen ýertitreme zerarly doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömeginiň iberildi.
Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybaratdyr.
Bu kömek köpsanly adam pidalaryna, şikes ýertmelerine we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr.