Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dä­new hem-de Sa­ýat et­rap­la­ryň mer­kez­le­rin­de «Bäş ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan dur­ky tä­ze­le­nen, hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry or­naş­dy­ry­lan döw­re­bap has­sa­ha­na­lar Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nün­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Et­rap­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry­na hyz­mat et­jek bu has­sa­ha­na­lar­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, anyk­la­mak we be­jer­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir. Dur­ky tä­ze­le­nen has­sa­ha­na­la­ryň iki­sin­de hem Ger­ma­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy, ABŞ, Ita­li­ýa we beý­le­ki döw­let­le­riň dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň 200-den gow­ra­gy otur­dy­lyp­dyr. Olar­dan to­mog­ra­fi­ýa, rent­gen, ult­ra­ses, EKG, la­bo­ra­to­ri­ýa-bar­lag we beý­le­ki kä­mil en­jam­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Has­sa­ha­na­la­ryň her­si­ne ber­len, ze­rur luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry otur­dy­lan, gaý­ra­go­ýul­ma­syz il­kin­ji luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mä­ge ni­ýet­le­nen «To­ýo­ta» ky­sym­ly aw­tou­lag­lar bu ýer­ler­de öň­den bar bo­lan «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rer.
Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len Dä­new et­rap has­sa­ha­na­sy 154 nä­sag üçin ni­ýet­le­nen­dir we bu ýer­de luk­man­çy­lyk ugur­la­ry­nyň äh­li­si­ni öz içi­ne al­ýan 11 sa­ny bö­lüm he­re­ket eder. Şeý­le hem bu ýer­de 360-a go­laý sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de do­lan­dy­ryş ug­ry bo­ýun­ça iş­gär­ler öz sag­lyk­la­ry­ny be­jerd­ýän ra­ýat­la­ry­my­zyň hyz­ma­tyn­da bo­lar­lar. Has­sa­ha­na­da zäh­met çek­jek sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň 103-si luk­man­lar, 121-si şe­pa­gat uýa­la­ry, 60-sy bol­sa ki­çi şe­pa­gat uýa­la­ry­dyr.
Dur­ky tä­ze­le­nen Sa­ýat et­rap has­sa­ha­na­sy hem 150 nä­sa­ga ni­ýet­le­nip, on­da dür­li ugur­ly bö­lüm­le­riň 10 sa­ny­sy sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge gel­ýän ra­ýat­la­ry­my­za hyz­mat eder. Şeý­le hem has­sa­ha­na­da iş­gär­le­riň je­mi 335 sa­ny­sy bo­lup, ola­ryň 77-si luk­man­lar, 151 sa­ny­sy şe­pa­gat uýa­la­ry, 56-sy bol­sa ki­çi şe­pa­gat uýa­la­ry­dyr.