10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Bangladeşiň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy ugurlary we daşary ugry bilen tanyşdyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler we toplumlaýyn maksatnamalar hakynda aýratyn durlup geçildi.
Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça gazanan tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň oňyn mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugruň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.