Şu gün, 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysynyň arasynda bolup geçen duşuşygyň möhüm ähmiýete eýedigi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň kesgitlenendigi nygtaldy.
Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şertnama-hukuk binýadyň berkidilmegi baradaky meseleleriň giň toplumyna seretdiler. Taraplar daşary söwda ulgamynda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Ylym we bilim, sport, saglygy goraýyş ugurlarda üstünlikli özara hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylýandygy babatynda hem bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.