Iki sa­ny uzyn ta­ýa­jyk bi­len na­har­lan­mak, me­ge­rem, hem­me­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän bol­sa ge­rek. Hy­taý me­de­ni­ýe­ti­ne mah­sus bo­lan bu usul ýur­duň ýer­li aş­ha­na­la­ryn­dan baş­ga-da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky hy­taý aş­ha­na­la­ryn­da duş gel­ýär. Gaý­na­dy­lan tü­wü­den baş­lap, çor­ba­nyň dür­li gör­nüş­le­ri çöp­ja­gaz­lar bi­len iýil­ýän bu me­de­ni­ýe­tiň özü­ne mah­sus ta­ry­hy bar. Eý­sem, uzyn çöp­ja­gaz­lar bi­len na­har­lan­mak ha­çan ýü­ze çyk­dy­ka?!

Hy­taý­ly ço­pan­lar bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 1200-nji ýyl­lar­da il­kin­ji ge­zek na­har iý­mek üçin uzyn çöp­ja­gaz­la­ry ula­nyp baş­lap­dyr­lar. Bu ba­ra­da Şan dinastiýasy döw­rü­ne de­giş­li ta­ry­hy ýaz­gy­lar­da duş ge­lin­ýär. Bellenilişine gö­rä, il­kin­ji ta­ýa­jyk­lar bü­rünç­den ýa­sa­lyp, esa­san, na­har bi­şir­mek üçin ula­ny­lyp­dyr. Bu bü­rünç gu­ral­lar hä­zir­ki ta­ýa­jyk­lar­dan has uzyn bo­lup, çu­kur gap­lar­da na­har bi­şi­ri­len­de ge­rek­ bo­lup­dyr. «Ço­pan ta­ýa­jyk­la­ry» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan çöp­ja­gaz­lar müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­ri­lip, na­har iý­mek üçin oňaý­ly gör­nü­şe ge­ti­ril­ýär. Ýag­ny, öň­ki uzyn çöp­ler gys­gal­dy­lyp, ujy na­ha­ry tut­mak üçin amat­ly bo­lar ýa­ly in­çel­dil­ýär. Şol ýyl­lar Kon­fu­si­niň ynanç­la­ry­na gö­rä, na­har­la­ny­lan­da far­for­dan ýa-da me­tal­dan ýa­sa­lan ýi­ti gu­ral­la­ry ulan­ma­ly däl­di­gi ba­ra­da ýö­rel­ge­ler halk ara­sy­na ýaý­ra­ýar. Ýi­ti gu­ral­la­ryň howp­lu­dy­gy se­bäp­li, te­bi­gy gu­ral­la­ry ulan­ma­ly­dy­gy wa­gyz edil­ýär. Şeý­le­lik­de, hy­taý­ly­la­ryň ara­syn­da na­har iý­mek üçin bam­buk­dan ýa­sa­lan çöp­ja­gaz­lar ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Bu dö­wür­de aş­pez­ler eti ow­nuk bö­lek­le­re bö­lüp bi­şi­rip baş­la­ýar­lar. Hy­taý­ly­lar muny agaç çöp­ja­gaz­lar bi­len iý­mek üçin tä­ze bir usul di­ýip ha­sap edýärler.
Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 500-nji ýy­la çen­li ta­ýa­jyk­lar bi­len na­har­lan­ma­gyň usu­ly Ýa­po­ni­ýa we Wýet­nam ýa­ly goň­şy ýurt­la­ra hem ýaý­ra­ýar. Wýet­nam­da ta­ýa­jy­gy ýa­sa­mak üçin bü­rünç ýa-da far­fo­ryň ýe­ri­ne pal­ma aga­jy ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Hy­taý­ly­la­ryň­ky­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da ýa­pon­lar na­har iýil­ýän ta­ýa­jyk­la­ry düý­bi bir­leş­di­ri­len gap­ja­waç gör­nüş­de bam­buk­dan ýa­sa­ýar­lar. Ýa­po­ni­ýa 1878-nji ýyl­da bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan çöp­ja­gaz­la­ry hö­dür­län ýurt bol­sa-da, hy­taý­ly­lar na­har iý­mek üçin ula­nyl­ýan ta­ýa­jyk­la­ry oý­lap ta­pan halk ha­sap­lan­ýar. Ta­ýa­jyk­lar haý­sy ma­te­ri­al köp bol­sa, şon­dan ön­dü­ri­lip­dir.

Ta­ýa­jyk­lar ba­ra­da
Na­har iýil­ýän ço­pan ta­ýa­jyk­la­ryň uzyn­ly­gy, adat­ça, 23-26 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Çöp­ja­gaz­lar di­ňe na­har iý­len­de däl, bi­şi­ri­len­de hem ula­nyl­ýar. Mu­nuň üçin 30-40 san­ti­metr uzyn­lyk­da­ky ta­ýa­jyk­lar­dan peý­da­lanyl­ýar. Bu aş­ha­na gu­ra­ly bam­buk, agaç, plast­mas­sa, me­tal, süňk, far­for ýa­ly dür­li ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sal­ýar. Esa­san, te­ge­lek we dört­burç ke­sim­li gör­nüş­de ön­dü­ril­ýän çöp­ja­gaz­la­ryň kä­bi­rin­de tut­mak üçin amat­ly bo­lar ýa­ly oýuk­la­ry bar. Soň­ky ýyl­lar­da bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan plast­mas ta­ýa­jyk­lar has ýör­gün­li bo­lup, tu­ta­wa­jy dür­li şe­kil­ler bi­len be­zel­ýär. Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa, Wýet­nam we Tai­land ta­ýa­jyk­lar bi­len na­har­lanylýan ýurt­lar ha­sap­lan­ýar. Hy­taý­da her ýyl 80 mil­liard tö­we­re­gi jü­büt ta­ýa­jyk ön­dü­ril­ýär.

Çöp­ja­gaz­la­ry nä­dip tut­ma­ly?
Fi­zi­ka bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gyy­nyň eýe­si (1957ý.) Çžen­dao Li çöp­ja­gaz­la­ry el­de sak­la­mak ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Ýö­ne­keý bol­sa-da, iki ta­ýa­jyk fi­zi­ka­nyň aja­ýyp şöh­le­len­me­si. De­ňag­ram­ly­lyk esa­syn­da bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa­da bar­mak­lar nä­mä­ni ba­şar­ýan bol­sa, çöp­ja­gaz­lar hem şo­ny ed­ýär». Ta­ýa­jyk­la­ryň ada­ty ýag­daý­da tu­tu­ly­şy ba­şam, sü­ýem we or­ta bar­mak­la­ryň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar. Üç bar­mak çöp­ja­gaz­la­ry üç ta­rap­dan gur­şap al­ýar we ta­ýa­jy­gy ruç­ka tut­ýan ýa­ly berk sak­la­ýar. Ba­şam bar­mak ta­rap­da­ky çöp­ja­gaz he­re­ket­siz sak­la­nyp, sü­ýem we or­ta bar­ma­gyň sak­la­ýan çöp­ja­ga­zy açy­lyp-ýa­pyl­ýan gör­nüş­de he­re­ket ed­ýär. Ta­ýa­jyk­lar bi­len na­har­lan­mak ça­ga­lyk­dan öw­re­dil­ýän maş­ga­la dä­bi bo­lup, hy­taý me­de­ni­ýe­tin­de çöp­ja­gaz­la­ry dog­ry tut­ma­ga we ulan­ma­ga üns be­ril­ýär. Ene-ata­lar ça­ga­la­ry­na edil okuw es­bap­la­ry ýa­ly, na­har iýil­ýän ta­ýa­jyk­la­ry hem sa­tyn alyp ber­ýär­ler. Şeýle hem na­har­lan­mak ede­bi bi­len bag­ly ýö­ri­te öw­re­di­ji sa­pak­la­ry ge­çir­ýär­ler.