11-nji oktýabrda Hytaý Aýy öwrenmek maksady bilen radio teleskop gurup başlady. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň web sahypasynda habar berilýär. Diametri 40 metr bolan radioteleskopyň gurluşygy Hytaýyň Szilin şäheriniň golaýyndaky Çanbaýşan dagynda başlandy. Onuň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.
Bu optiki desga ýokary takyklykdaky köp maksatly radio teleskopdyr. Ol Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Şanhaý astronomiýa obserwatoriýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Teleskop Hytaýyň Aý we uzak kosmos-barlag maksatnamalary üçin wezipeleri ýerine ýetirer. Alymlar Çanbaýşan dag sebitini açyk asmany we gurak howasy sebäpli gözegçilikleri alyp barmaga amatly ýer hasaplaýarlar. Gurluşygy tamamlanansoň täze teleskop ýurduň beýleki bäş teleskopy we Şanhaýdaky bir maglumat merkezi bilen birleşdiriler, bu bolsa Hytaýyň gözegçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrar we uzak kosmos gözleglerine has gowy hyzmat eder.
Maý aýynyň ahyrynda Hytaý 2030-njy ýyla çenli öz kosmonawtlaryny Aýyň üstünde ýerleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi. Olar Aýyň üstünde lunohodda hereket edip bilerler. Enjam ýerleşýän ýerini kesgitläp bilýän funksiýa bilen üpjün ediler. Hytaý kosmos barlaglar maksatnamalaryny işjeň ösdürýär. 2004-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşi Aý barlaglarynyň milli maksatnamasyny tassyklady.