14-nji oktýabrda Täze Zelandiýada geçirilen parlament saýlawlarynda ýurduň Milli partiýasy ýeňiş gazanandy. Netijede, alty ýyl häkimiýetde bolandan soň dolandyryjy Zähmet partiýasy işinden çekildi. Milli partiýanyň ýolbaşçylygyndaky sagçy partiýalaryň koalisiýasy parlamentdäki orunlaryň ýarysyndan gowragyna eýe boldy. Bu ýagdaý Milli partiýanyň lideri Kristofer Laksona Premýer-ministr hökmünde hökümet gurmaga hukuk berdi. Tarapdarlarynyň öňünde çykyş eden Lakson Milli partiýanyň indiki hökümete ýolbaşçylyk edip biljekdigini aýtdy. Ol çözülmeli meseleleriň arasynda ýaşaýşyň bahasynyň arzanladylmagy barada durup geçdi.
Zähmet partiýasynyň lideri Kris Hipkins hem öz partiýasynyň güýçli bolup galjakdygyny aýtdy. Ses berişliklere görä, Täze Zelandiýanyň iň uly partiýasy bolan Milli partiýa parlamentdäki 121 ornuň 50-sine, dolandyryjy Zähmet partiýasy bolsa, 34-sine eýe boldy. Mundan başga-da, Ýaşyllar partiýasy, ACT partiýasy, “Ozaly bilen Täze Zelandiýa” partiýasy we Maori partiýasy degişlilikde, 14, 11, 8 we 4 orna eýe boldy.
Saýlawlara jemi 17 syýasy partiýa gatnaşdy, ýöne ahyrynda olaryň diňe altysy parlamentden orun almagy başardylar. Partiýalaryň hiç birisiniň orunlaryň köpüsini gazanyp bilmänligi üçin, täze hökümetiň döredilmegi koalisiýa hökümetini döretmek boýunça partiýalaryň arasyndaky gepleşikleriň netijesine bagly bolar. Resmi netijeler 3-nji noýabrda mälim ediler. Bu saýlawlara, takmynan, 3,5 million adam gatnaşdy. Polineziýa sebitinde ýerleşýän Täze Zelandiýanyň häzirki wagtda 5 milliondan gowrak ilaty bar. Ýurduň paýtagty Wellington şäheridir.