14-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ýakynda çapdan çykan täze, XV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Oňa Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, deputatlar, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, ekologiýa, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarydyr jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda alym Arkadagymyzyň köpýyllyk düýpli ylmy işi bolan ensiklopedik eseriniň täze jildi baradaky çykyşlara giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, bu kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky uly goşandydyr. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitap ýurdumyzda giňden bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çap edilip, diňe bir lukmanlar däl, ähli watandaşlarymyz üçin hem ajaýyp sowgat boldy.
Kitaby okan her bir okyjy ondan dermanlyk ösümlikleriň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gory, dermanlyk çig maly, dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemleri, derman serişdelerini taýýarlamagyň, olary ulanmagyň usullary baradaky anyk maglumatlary öwrenip bilýär. Ýokary çap usulynda neşir edilen kitabyň sahypalarynda jemi 119, şol sanda 29 sany endemik, ýagny diňe Türkmenistanyň çäginde duşýan dermanlyk ösümliklere degişli häsiýetnamalardyr maglumatnamalar berilýär. Olaryň degişli dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary bilen utgaşykly beýan edilmegi bolsa ylmy eseriň adaty okyjylar üçin hem düşnükliligini we ähmiýetini has-da artdyrýar. Neşirde dermanlyk ösümlikleri lukmançylyk ylmynda, halk tebipçiliginde ulanmagyň mümkinçilikleri hem giňişleýin beýan edilýär.