Finl­ýan­di­ýa­nyň öň­ki Pre­zi­den­ti, 2008-nji ýyl­da Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si Mart­ti Ah­ti­saa­ri ara­dan çyk­dy. Finl­ýan­di­ýa­nyň li­de­ri Sau­li Nii­nis­tiň di­wa­ny­nyň be­ren be­ýa­na­tyn­da onuň 86 ýa­şyn­da ara­dan çy­kan­dy­gy bel­len­ýär.
“Pre­zi­dent Ah­ti­saa­ri 16-njy okt­ýabr­da sa­gat 06:40-da Hel­sin­ki­de ara­dan çyk­dy. Ol ara­dan çy­kan­da 86 ýa­şyn­da­dy “-diý­di.
Ah­ti­saa­ri 1994-2000-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ni eýe­le­di. Sy­ýa­sat­çy on­dan öň BMG-de iş­le­ýär­di. 2008-nji ýyl­da Ah­ti­saa­ri 30 ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da “bir­nä­çe yk­lym­da­ky hal­ka­ra da­wa-jen­jel­le­ri çöz­mek­de alyp bar­ýan mö­hüm ta­gal­la­la­ry” üçin Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.