“Mercedes” elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagyny tanyşdyrdy

74

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ra has köp ma­ýa go­ýum goý­ber­ýän “Mercedes” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze ýük ula­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. “eActros 600 EV” at­ly ulag gib­rid gör­nüş­li bo­lup, üç ba­ta­re­ýa bi­len üp­jün edi­lip­dir. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 500 km ýol ge­çip bil­ýän ulag “Tes­la Se­mi”-niň esa­sy bäs­de­şi bo­lar. Daş­ky di­zaý­ny aý­law­ly we ae­ro­di­na­mi­ka ba­bat­da ösen bo­lup, sü­rü­ji­niň ra­hat­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Ula­gyň öň ta­ra­pyn­da LED çy­ra­lar bar. Ýük gö­te­ri­ji­li­gi 22 ton­na bo­lan ulag bir gün­de müň ki­lo­metr­den gow­rak ýol ge­çip bil­ýär. Ne­mes bren­di ula­gyň ada­ty ýan­gyç­ly ulag­la­ry ýa­ly berk­di­gi­ne ün­si çe­kip, 1,2 mil­li­on ki­lo­metr ýol ge­çip bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Şeý­le hem ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy 10 ýyl ula­ny­lan­dan soň­ra hem 80 gö­te­rim de­re­je­sin­de iş­le­me­gi­ni do­wam eder.
Ula­gyň ba­ha­sy ada­ty ýan­gyç­ly “ekiz­ta­ýyn­dan” 2,5 es­se gym­mat. Şeý­le-de bol­sa, ula­gyň ýan­gyç üçin has az çyk­da­jy ta­lap et­me­gi ne­ti­je­sin­de uzak wagt­da özü­ni öde­je­ke­di­gi bel­le­nil­ýär.

Ser­dar Nur­mu­ham­me­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.