14—16-njy noýabrda Aşgabat şäherinde IV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatr artistleriniň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara teatr festiwala G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň hem gatnaşjakdygy bellenilýär.
IV Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň döredijilik topary «Gelmişek» spektaklyny ýerine ýetirer. Onda uruşdan soň Kanadada arassa durmuşa başlan esger Nakip hakda gürrüň berilýär.
Belläp geçsek, Aşgabat şäherinde III Halkara festiwaly 4 ýyl ozal, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilipdi. Oňa ABŞ, Russiýa, Estoniýa, Türkiýe, Eýran ýaly 12 ýurtdan döredijilik toparlary gatnaşdy. Halkara festiwalyň çäginde paýtagtyň teatrlarynda daşary ýurtly artistleriň ussatlyk sapaklary geçirildi we çykyşlar guraldy.