1558-nji ýy­lyň 17-nji okt­ýab­ryn­da Pol­şa­nyň poç­ta eda­ra­sy dö­re­dil­ýär. Şol wagt­ky ady Pol­ýak Ko­rol­ly­gy we Lit­wa be­ýik knýaz­ly­gy bo­lan ýurt­da poç­ta hyz­mat­la­ry il­ki­baş­da tä­jir­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Bu ýur­da tä­jir­ler Ger­ma­ni­ýa­dan, soň­ky ýyl­lar­da bol­sa Ita­li­ýa­dan has köp ba­ryp­dyr. Eý­ýäm XIV hem-de XV asyr­lar­da ýur­duň iri şä­he­ri bo­lan Kra­kow bi­len ne­mes şä­her­le­ri­niň ara­syn­da tö­leg­li poç­ta hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ha­bar­çy­lar bo­lup­dyr. XV asyr­la­ryň ahy­ryn­da bel­li ne­mes söw­da­gä­ri, esa­san mis önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan Fug­ger maş­ga­la­sy Kra­kow­da hem bir­nä­çe za­wod gur­ýar. Poç­ta hyz­mat­la­ry bu bu za­wod­lar bi­len Augs­burg­da­ky mer­ke­zi eda­ra­nyň ara­syn­da ýo­la go­ýul­ýar. Şol ýyl­lar poç­ta hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­ýan baş­ga-da hu­su­sy tä­jir­ler peý­da bol­ýar. 1558-nji ýyl­da ýur­duň pa­ty­şa­sy Kra­kow­dan We­ne­si­ýa şä­he­ri­ne çen­li ara­ly­gy öz içi­ne al­ýan poç­ta hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ýar. Gys­ga wagt­dan Awst­ri­ýa­nyň, Weng­ri­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň şä­her­le­ri­ne hem-de War­şa­wa Wiln­ýus ýa­ly ýur­duň beý­le­ki şä­her­le­ri­ne yzy­gi­der­li poç­ta hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­ýar. 1562-nji ýyl­da “Poczta Pols­ka” (Pol­ýak poç­ta­sy) ady bi­len has kä­mil hyz­mat­lar ýo­la goý­lup baş­lan­ýar. Bu eda­ra esa­sy iki ug­ra bö­lü­nip­dir – ital­ýan poç­ta­sy hem-de lit­wa poç­ta­sy. Ital­ýan poç­ta iş­gä­ri her hep­dä­niň ahyr­ky gü­ni Kra­kow­dan ýo­la çy­kyp hep­dä­niň üçün­ji gü­ni We­na, on­dan bir hep­de­den soň­ra We­ne­si­ýa ba­ryp­dyr. Şeý­le­lik­de, Kra­kow­dan We­ne­si­ýa hat ýa-da baş­ga bir zat 10 gün­de ba­ryp­dyr. Her hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni bol­sa poç­tal­ýon Lit­wa ta­rap ýo­la dü­şüp, bir hep­de­den Wiln­ýu­sa ba­ryp­dyr.