Ek­wa­dor­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da “Mil­li de­mok­ra­tik he­re­ke­ti­ne” we­kil­çi­lik ed­ýän Da­ni­el No­boa ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mil­li saý­law ge­ňe­şi ha­bar ber­di. Onuň bäs­de­şi çep­çi “Ra­ýat yn­ky­la­by” he­re­ke­tin­den Lui­sa Gon­sa­les ýe­ňi­len­di­gi­ni bo­ýun al­dy. Ses­ler sa­na­lan­dan soň, No­boa­nyň 52,29%, Gon­sa­le­siň 47,71% ses alan­dy­gy bel­li bol­dy.
35 ýaş­ly No­boa ýur­duň iň baý işe­wü­ri­niň og­ly bo­lup, Ek­wa­do­ryň ta­ry­hyn­da iň ýaş Pre­zi­dent bo­lar. Tä­ze döw­let baş­tu­ta­ny şu ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da ýa-da de­kabr aýy­nyň ba­şyn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer.
15-nji okt­ýabr­da Ek­wa­dor­da no­bat­dan da­şa­ry Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. On­dan öň Ek­wa­dor­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da Lu­is Gon­sa­le­siň ýe­ňen­di­gi ha­bar be­ri­lip­di. Şol saý­law­lar­da Da­ni­el No­boa ikin­ji or­ny eýe­läp­di. Bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin da­laş­gär ses­le­riň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny ýa-da 40%-den gow­rak ses al­ma­ly­dy. Bu bol­ma­dy, şo­nuň üçin Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry yg­lan edi­lip­di.