Şu gün Pe­kin­de “Bir gu­şak, bir ýol” hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy fo­ru­my öz işi­ne baş­la­ýar. Onuň bar­şyn­da Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu fo­rum Si Szin­pin ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len “Bir gu­şak, bir ýol” baş­lan­gy­jy­nyň 10 ýyl­ly­gy­nyň çä­gin­de ge­çi­ril­ýär.
Fo­ru­my ge­çir­mek baş­lan­gy­jy Hy­ta­ýyň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan ýy­lyň ba­şyn­da yg­lan edil­di, ýö­ne anyk se­ne­ler di­ňe ge­çen hep­de mä­lim edil­di. Fo­ru­myň esa­sy mow­zu­gy “Bir gu­şak, bir ýo­luň” ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şy­gy, umu­my ösü­şiň we aba­dan­çy­ly­gyň bi­le­lik­de ga­za­nyl­ma­gy” bol­dy.
Fo­rum mak­sat­na­ma­sy­nyň jik­me-jik­lik­le­ri mä­lim edil­me­di, ýö­ne işe­wür­lik ba­bat­da­ky hyz­mat­daş­lyk­la­ry öz içi­ne al­jak­dy­gy mä­lim. Şeý­le hem bir­nä­çe ýo­ka­ry de­re­je­li we te­ma­ti­ki fo­rum­la­ry ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
140-dan gow­rak ýurt we 30 hal­ka­ra gu­ra­ma­sy, hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr de­re­je­sin­dä­ki iş­gär­ler we işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri fo­ru­ma gat­naş­ýar­lar. Bu fo­rum­da je­mi 4 müň­den gow­rak gat­na­şy­jy ha­sa­ba alyn­dy.
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin we Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin 18-nji okt­ýabr­da fo­ru­myň çä­gin­de gep­le­şik ge­çi­rer­ler. Fo­ru­ma gat­naş­ýan­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar we has ada­lat­ly köp pol­ýar dün­ýä ter­ti­bi­ni dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Sy­ýa­sat­çy­la­ryň du­şu­şy­gy gi­ňel­di­len we dar gör­nüş­de, hat­da res­mi gep­le­şik­le­riň çä­gin­den da­şar­da-da ge­çi­ri­ler.
“Bi gu­şak, bir ýol” baş­lan­gy­jy 10 ýyl mun­dan öň Si Szin­pin ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­lip­di. Bu baş­lan­gyç hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­den oňyn ses­len­me al­dy, 150-den gow­rak ýur­dy we 30-dan gow­rak hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­ny özü­ne çek­di, gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ösü­şin­de yk­dy­sa­dy we so­si­al taý­dan gör­ne­tin tä­sir et­di. Şeý­le-de bu baş­lan­gyç ep-es­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny özü­ne çek­di, tä­ze iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne we dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­me­gi­ne go­şant goş­dy.