Býulletenleriniň 100% sanalandan soň, Ýaroslaw Kaçinskiniň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy Kanun we adalat partiýasy 35,38% ses bilen öňe saýlandy.
Polşanyň öňki Premýer-ministri we Ýewropa Geňeşiniň öňki başlygy Donald Tuskuň ýolbaşçylygyndaky “Raýat koalisiýasy” 30,70% sese eýe boldy. “Üçünji ýol” blogy 14,40%, Çepçiler – 8,61% we Konfederasiýa partiýasy –7,16% gazandy.
Häkimiýet başyndaky Kanun we adalat partiýasy Polşanyň mejlisinde köplügini ýitirdi, indi Donald Tuskuň dolandyryjy koalisiýa döretmek mümkinçiligi bar.
Polşada geçirilen parlament saýlawlarynda ses berişlik 15-nji oktýabrda geçirildi. Respublikanyň ýaşaýjylary Seýma 460 deputat we 100 senator saýlamaly boldylar. Seýmdäki saýlawlara gatnaşanlaryň 74%-den gowrakdygy, 1989-njy ýyldan bäri Polşada geçirilen saýlawlaryň taryhynda iň ýokary görkezijidigi bellenilýär.