1867-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Alýaska resmi ýagdaýda Russiýa Imperiýasyndan ABŞ-na satylýar. Şol gün ABŞ-nyň Senatynda bu ylalaşyk tassyklanýar. Şol ýylyň 30-njy martynda ABŞ Alýaskany Russiýa Imperiýasyndan jemi 7,2 million dollara (2022-nji ýyldaky hümmet bilen 151 million dollar) satyn alýar. ABŞ-nyň degişli wekiliýeti oktýabr aýynda Alýaskanyň Sitka şäherine baryp ýetýär. 18-nji oktýabr güni Sitkadaky galada resmi ýagdaýda rus baýdagy düşürilip, amerikan baýdagy flagştogda belende galdyrylýar. Häzirki wagtda 18-nji oktýabr sebitde Alýaska güni hökmünde bellenilýär.
Alýaska 1959-njy ýylda ştat statusy berilýär.