«Glo­bal SWF» mag­lu­mat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň ma­ýa go­ýum gaz­na­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Bu ugur­da il­kin­ji üç or­ny Hy­taý, Nor­we­gi­ýa we BAE eýe­le­di. Mag­lu­ma­ta gö­rä, Hy­ta­ýyň ma­ýa go­ýum korporasiýa­sy­nyň 1,3 tril­li­on dol­lar­lyk gym­ma­ty bar. Nor­we­gi­ýa­nyň döw­let pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň 1,14 tril­li­on, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu Da­bi gaz­na­sy­nyň 993 mil­liard dol­lar­lyk gym­ma­ty­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Mag­lu­mat­da, ge­çen ýyl ma­ýa go­ýum gaz­na­la­ry­nyň il­kin­ji ge­zek gym­ma­ty­nyň aza­lan­dy­gy, pe­se ga­çyş­ly­gyň je­mi 1 tril­li­on dol­lar tö­we­re­gi­di­gi mä­lim edil­di.
Ma­ýa go­ýum gaz­na­la­ry adat­ça gym­mat­ly ka­gyz­la­ry, goz­gal­ma­ýan we beý­le­ki ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ne ma­ýa goý­mak ar­ka­ly gir­de­ji ga­zan­ýar­lar. Bu gir­de­ji­ler ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­muş hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we uly tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le­lik­de, ýurt­lar yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ýar.

Ogul­ja­han NUR­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.