2026-njy ýylda Belgiýada dünýäde ilkinji “energiýa adasy” peýda bolar. Ol golaýda ýerleşýän ýel beketleri tarapyndan öndürilýän energiýany paýlar hem-de Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Daniýanyň energiýa ulgamlaryny birleşdirer. Ada «Şa zenan Ýelizaweta» diýlip atlandyrylar. Ada ýurduň kenaryndan 45 kilometr uzaklykda ýerleşer. Gurluşyk indiki ýylyň mart aýynda başlar. Geljekki adanyň daşky gurşawyny ummanyň düýbündäki beton gurnamalarynda bina etmekçi bolýarlar. Içki bölegi çäge bilen doldurylar, onuň üstünde ähli infrastruktura gurlar. Beýik diwar sebiti ýelden, ýagyşdan we tolkunlardan gorar.