Fransiýada dolulygyna wodorod ýangyjy bilen işleýän, senagat desgasynda ulanmaga niýetlenen ilkinji gaz turbinasy synagdan geçirildi. Synagyň netijesinde desga 100 göterim wodorod bilen işleýän ilkinji turbina boldy. Şeýlelikde, «Siemens» kompaniýasynyň ýolbaşçylyk edýän konsorsiumy wodorod ýangyjynyň ulanylyşyny artdyrmak bilen bagly ilkinji möhüm ädimi ätdi. Ýewropa Bileleşiginiň goldaw berýän HYFLEXPOWER atly taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan turbina gaýtadan dikeldilýän wodorodyň arassa we durnukly energiýa çeşmesi hökmünde ulanylyp bilinjekdigini görkezmegi maksat edinýär.
Taslama Ýewropa gaplaýyş serişdelerini öndürýän öňdebaryjy «Smurfit Kappa» kompaniýasynyň Fransiýadaky Saillat-sur-Wýen kommunasyndaky önümçilik kärhanasynda durmuşa geçirilýär. Bu ýerde «Siemens Energy SGT-400» gaz turbinasy oturdyldy. Turbina ilkinji gezek 2022-nji ýylda 30 göterim wodorod goşulan ýangyç bilen synagdan geçirildi. Indi bolsa, howany hapalamaýan tehnologiýa ulanmak arkaly 100 göterim wodorod bilen işledilip görüldi. Bu synag bar bolan gaz bilen işleýän energiýa beketleriniň netijeliligini ýitirmezden wodorod ýangyjy bilen işledilip bilinjekdigini aňladýar.
Gültäç ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.