Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar.
13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
«Ala-Arça» döwlet kabulhanasynda döwlet Baştutanymyzyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Nebitgaz senagaty, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Gyrgyz Lideri hormatly Prezidentimize elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, bu ugurda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň köptaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş etmek bilen, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi.
Sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, sebit we halkara durmuşyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy. Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary, umuman, Arkalaşygyň formatyndaky hyzmatdaşlygy dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadynda guramak bilen, GDA-nyň howandarlygynda dürli çärelere işjeň gatnaşýar.
Türkmenistan durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde GDA we iri halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň söwda-ykdysady babatdaky tagallalary bilelikdäki işiň täze usullaryny işläp taýýarlamaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan görnüşlerini gözlemäge, köptaraplaýyn arkalaşykly hereketiň anyk ugurlaryny kesgitlemäge gönükdiriler.
Ýurdumyz, hususan-da, ykdysadyýet babatda özara hyzmatdaşlygyň GDA-da jemlenen köp ýyllyk tejribesine esaslanyp, ykdysady gatnaşyklary diňe bir Arkalaşygyň çäklerinde ösdürmäge däl-de, eýsem, olary sebitara we halkara derejä çykarmaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny döretmäge ýardam berer.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.