Käbir adam biygtyýar ýagdaýda barmaklaryny şyrkyldadýar. Bu endik adama kanagatlanma duýgusyny berip, her gezek gaýtalanyny duýman galýar. Barmaklary şyrkyldatmak bogunlaryň çişmegine ýa-da artritiň (bogunlaryň sowuklamasy) döremegine sebäp bolýar diýen dürli garaýyşlar bar. Eýsem, bu garaýyşlar ylma esaslanýarmy?
Rewmatologlar (bogun şikesleri lukmany) bu garaýyşlary ylmy esasda seljerip, barmaklary şyrkyldatmak endigi barada şeýle netije çykardy.
Barmagyňy şyrkyldadaňda çykýan ses bogunlardaky sinowial suwuklyklardaky köpürjikleriň ýarylmagyndan döreýär. Sinowial suwuklyk bogunlary «ýaglamaga» kömek edýän tebigy madda bolup, sagdyn hereket etmäge mümkinçilik berýär. Barmaklary şyrkyldatmak köpürjikleriň döremegine sebäp bolýan garşylyklaýyn basyşy döredýär. Bilermenleriň öňler şyrkyldyny köpürjikleriň çökmegi diýip hasaplaýandyklaryna garamazdan, geçirilen täze barlaglar barmaklardaky sesiň hakykatdan hem köpürjikleriň döräp-ýarylmagyndan ýüze çykýandygyny görkezdi. Barmaklary şyrkyldadanyňyzdan soň, derrew gaýtalap bilmejekdigiňize göz ýetiren bolmagyňyz mümkin. Munuň biologik sebäbi bolup, boşlugyň we köpürjigiň dolmagy üçin 20 minut töweregi wagt gerek.
Barmaklary şyrkyldatmak bogun çişmesine sebäp bolýarmy?
Lukmanlar barmaklary şyrkyldatmagyň artritiň ösmegi bilen baglanyşygynyň ýokdugyny, ýagny saglyk üçin zyýanly däldigini belleýärler. Ýyllaryň dowamynda geçirilen köp sanly barlaglarda barmaklary şyrkyldatmagyň bogunlaryň çişmegine sebäp bolýandygy barada subutnama tapylmady.
Kaliforniýaly ýazyjy Donald Unger barmaklary şyrkyldatmak artrit töwekgelçiligini ýokarlandyrýar diýen çaklamany derňemek üçin örän täsin synag geçiripdir. Ol 50 ýyldan gowrak çep eliniň barmaklaryny her gün azyndan 2 gezek şyrkyldadypdyr. Bu endigi sag elininiň barmaklarynda ýerine ýetirmändir. Ýazyjy çep eliniň barmaklarynda
36 müň 500 gezek köpürjikleri ýarypdyr. Synagyň ahyrynda, ýagny 50 ýyldan soň iki eliniň barmaklaryny lukmançylyk barlagyndan geçirýär. Netijede, barmaklarynda bogun çişmesiniň ýokdugy ýüze çykyp, barmaklary şyrkyldatmagyň zyýanynyň ýokdugyna göz ýetirýär. Donald Unger muny subut eden ýeke-täk ýazyjy bolup, 2009-njy ýylda Nobeliň lukmançylyk ugry boýunça baýragyna mynasyp bolýar.
Barmaklary şyrkyldatmak bogunlaryň çişmegine sebäp bolmaýar. Ýöne bu endik köpçülik ýerinde halanmaýandygy sebäpli, mümkin boldugyndan barmaklary şyrkyldatmakdan gaça durmaly. Hereketleriňe üns berip, özüňe erk etmek esasynda bu endigiň öňüni alyp bolýar.