Ýer ýüzünde guşlaryň 11 müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlar tebigat üçin örän möhümdir. Bu ganatly jandarlar dürli şertlerde ýaşap, ösümlikleriň tozanlanmagyna, mör-möjekleriň we gemrijileriň aşa köpelmeginiň öňüni almaga ýardam edýär. Irki döwürlerden bäri adamlar ganatly uçujylar bilen gyzyklanyp gelýärler. Her ýyl guşlaryň täze görnüşleri ýüze çykarylyp, ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle guşlaryň hatarynda daşky görnüşi bilen görenleri geň galdyrýan grandalany görkezmek bolar. «Turdidae» maşgalasyna degişli bolan bu guşlar grandala urugynyň ýeke-täk görnüşidir. Grandala giň çäkde – Hindi subkontinental sebitlerinde, Gimalaý daglarynyň aşak we orta belentliklerinde ýaşaýar. Bu täsin guşlar Butanda, Hindistanda, Mýanmada, Nepalda, Tibetde we Hytaýyň käbir sebitlerinde duş gelýär. Ilkinji gezek guşlaryň bu görnüşi 1843-nji ýylda ýüze çykaryldy. Grandala goralyp saklanýan guşlaryň hataryna girýär.
Grandalanyň bedeniniň uzynlygy 20-23 santimetre, agramy 35-52 grama ýetýär. Bu guşlaryň iýmiti, esasan, mör-möjekler bolup, käte miweler bilen hem iýmitlenýär. Adatça ýabany guşlaryň horazynyň we mäkiýanynyň meňzeşligi sebäpli, olary saýgarmak kyn bolýar. Ýöne bu ýagdaý grandalalarda beýle däl. Grandalanyň beýleki guşlardan tapawutly aýratynlygy horazynyň gögümtil-gara, mäkiýanynyň goňrumtyl-çal reňkde bolmagydyr. Bu guşlaryň horazynyň ganatlarynyň ujunda we guýrugynda gara ýelekleri, mäkiýanynyň döşünde çalymtyl menekleri bar. Gökleriň we goňurlaryň garyşyp ýaşamagy edil iki görnüşli guşlar ýaly görünýär. Grandalalar iki ýumurtga goýup, maý-iýun aýlarynda jüýjeleýärler. Bular topar bolup ýaşap, her toparda 150 töweregi guş bolýar. Grandalalar köplenç «çyg-e-e» diýip seslenmek arkaly bir-biri bilen habarlaşýarlar.