Tebigatda bolup geçýän hadysalar irki döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Haýsy hadysanyň nädip ýüze çykýandygy, nähili ýagdaýda döreýändigi hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Şeýle tebigy hadysalaryň biri hem gök gümmürdisidir.
Bu hadysa howanyň maýyl we çygly wagty ýüze çykýar. Gar ýagýarka ýa-da howanyň sowuk günleri gök gümmürdemegi, ýyldyrym çakmagy ýaly hadysalar bolmaýar.
Ýyldyrymyň gyzgynlygy 30 müň derejä çenli ýetýär. Bu gyzgynlyk Günüň ýüzündäkiden üç esse ýokary diýmekdir. Bu ýagdaý sekundyň milliondan biri ýaly wagtda bolup geçýär. Howada dörän elektrik energiýasy ýyldyrymy emele getirip, birden şaha-şaha şöhleler peýda bolýar. Gök gümmürdisi ýyldyrymyň töweregindäki howany gysga wagtda gysmagy netijesinde emele gelýän tolkunlardyr. Şeýle gysga wagtda howa gyzmak bilen birden giňelýär. Giňelen howa adaty atmosfera basyşyndan
100 esse ýokary basyş bilen ses tizliginden has çalt tolkunlary ýaýradyp başlaýar. Bu tolkunlar uly gopgun döredýär.
Yzly-yzyna ýyldyrym çakanda, birinji ýyldyrymyň energiýasy ikinjiňkiden köp bolýar. Emma ikinji gezek çakan ýyldyrym has köp ses edýär. Üns beren bolsaňyz, gök gümmürdisi ýyldyrym çakmagyndan sähelçe soň eşidilýär. Onuň sebäbi bolsa, şöhläniň tizliginiň sesiň tizliginden ýokary bolmagydyr. Adatça, gök gümmürdisi 24 kilometr uzaklykdan eşidilýär.